Hytaýda koronawirusa garşy spreý waksina döredildi

  • 20.11.2021 19:46
  • 9.5k+

Hytaýly alymlar dümewiň wirusyna esaslanýan COVID-19-a sanjymy döretdiler. Ol burna sepilýä spreý bolup, şonuň kömegi bilen bedende bir günüň içinde koronawirusa garşy spesifiki immunitet emele gelýär. Bu barada ferra.ru habar berýär.

Hünärmenler köpelmezligi üçin dümewiň genomyny üýtgetdiler, şol bir wagtyň özünde-de wirusly beloklary öndürdiler. Waksina homýaklarda we horýoklarda synag edildi. Synagyň ilkinji gününde gemrijilerde immunitet emele geldi. Sanjym sebäpli olaryň hijisi ejir çekmedi, hatda açyk kowid simptomy hem ýüze çykmady.

Bellenilişi ýaly, häzir Hytaýyň müňden gowrak sagdyn ýaşaýjysynyň gatnaşmagynda kliniki synaglaryň nobatdaky tapgyry başlandy.


11.06.2026 23:52
8.5k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
4.9k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2.1k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......