Messi Instagramda «laýklar» boýunça Ronaldunyň rekordyny täzeledi

  • 20.07.2021 10:20
  • 13k+

Argentinanyň milli ýygyndysynyň we «Barselonanyň» hüjümçisi Lionel Messi türgenleriň arasynda Instagramda bir surat üçin goýlan «laýklaryň» («haladymlaryň») sany boýunça rekordy täzeledi. Messiniň Argentinanyň ýaryşda ýeňşinden soň Amerikanyň Kubogy bilen düşen suraty 20 071 038 «laýk» aldy. Bu türgenleriň arasynda “laýklar” boýunça sosial ulgamyň rekordydyr we Instagramda häzire çenli “laýklaryň” sany boýunça 6-njy postdyr. Bu barada sport-express.ru habar berýär.

Mundan öňki rekord Kriştianu Ronaldu degişlidi, onuň 2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda aradan çykan Diego Maradona bagyşlanan posty 19 836 885 “laýk” aldy.
Argentinanyň milli ýygyndysy 11-nji iýulda finalda Braziliýany 1-0 hasabynda ýeňip, Amerikanyň Kubogyny aldy. Final duşuşygy Rio-de-Žaneýronyň “Marakana” stadionynda geçirildi. Messi milli ýygyndynyň düzüminde ilkinji uly baýragy aldy.
Amerikanyň Kubogy – 2021-de Messi ýedi oýunda dört gol girizdi we ýaryşyň iň gowy bombardiri adyny kolumbiýaly Luis Dias bilen paýlaşdy.


15.06.2026 14:15
7.7k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.8k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

11.06.2026 23:57
4.6k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

10.06.2026 10:53
9.3k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......