Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» hormatly ady dakyldy

  • 16.04.2021 18:35
  • 22k+

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly at dakyldy.

Bu barada şu gün paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy habar berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň milli buýsanjy hem-de gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da ýokarlandyrmak, dünýäni haýrana goýýan bedewlerimiziň arassa ganynyň saklanyp galynmagy hem-de gamyşgulak bedewlerimiziň baş sanynyň köpeldilmegi ugrunda mundan beýläk hem has köp tagallalar etjekdigini nygtady.

şu gün 00:03
1.2k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
1k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
476

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
994

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......