Adam stresde wagty näme üçin saçy dökülýär? Alymlaryň jogaby

  • 04.04.2021 12:04
  • 17k+

Harward uniwersitetiniň alymlary adamyň stres wagtynda näme üçin saçynyň düşýändigini anykladylar. Olaryň gelen netijesine görä, bu aýratyn gormon bilen baglanyşykly ýüze çykýar. Bu barada potokmedia.ru habar berdi.

Mälim bolşy ýaly, stres käbir ýagdaýlarda saçyň ösüşiniň haýallamagyna we dökülmegine sebäp bolup bilýär. Hünärmenler bu hadysanyň sebäplerini anyklamak maksady bilen, ýörite ylmy barlag geçirdiler. Işiň netijeleri “Nature” neşiri tarapyndan çap edildi.
Neşir edilen maglumatlara görä, saçlar stres reaksiýalarynyň ösmegine jogap berýän kortizol gormony sebäpli dökülýän eken. Kortizol - böwrek üsti mäzlerde emele gelýän we bedende uglerod çalşygyny kadalaşdyrýan gormondyr.
Mundan başga-da, alymlar gemrijilerde kortikosteronyň önümçiligini çäklendirmek bilen, synag geçirip gördüler. Bu synag syçanlaryň tüýleriniň düşmesiniň kesilmegine, olarda saç follikulalarynyň işiniň dikelmegine getiripdir.

26.06.2026 11:31
3.5k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......