Hytaý BSGG-ni koronawirusyň çeşmesini başga ýurtlardan gözlemäge çagyrdy

  • 09.02.2021 22:59
  • 10k+

HHR-iň epidemiologlary Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyny (BSGG) koronawirusyň gelip çykyşyny beýleki ýurtlardan hem gözlemäge çagyrdy. Respublikanyň hünärmenleriniň pikiriçe, Uhan diňe derňewiň başlanan ýerine degişlidir. Bu barada olar BSGG-niň koronawirusyň dörän ýeri diýlip çak edilýän şäherde geçirýän derňew işleriniň çäginde aýtdylar diýip, rueconomics.ru habar berýär.

“Olara 2019-njy ýyl bilen bellenilen hassalaryň gan nusgalaryny ýygnamagyň tertibini kesgitlemek gerek” – diýip, HHR-iň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkeziniň baş epidemiology Szen Guan aýtdy.

Häzir koronawirus 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Italiýada döräpdir diýip çaklamaga esas bar. Hytaý hünärmenleriniň aýtmagyna görä, birnäçe ýurtda kesel hadysasy Uhan bilen deňeşdirilende has ir ýüze çykaryldy. Şeýle-de, geçen ýylyň noýabr aýynda neşir edilen ABŞ-nyň hasabatynda ýurduň käbir ýaşaýjylarynyň 2019-njy ýylyň dekabr aýynda koronawirus bilen keselländigi aýdylýar.
Koronawirus ýokanjy BSGG tarapyndan 2020-nji ýylyň mart aýynda kesel dünýäniň köp ýurtlarynda ýüze çykarylandan soň pandemiýa diýlip yglan edildi.

düýn 23:49
219

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....