Dört ýaşly çagajyk dinozawryň 215-220 million ýaşly aýak yzyny tapdy

  • 04.02.2021 16:45
  • 36k+

Dört ýaşly gyzjagaz üstünden 215-220 million ýyl geçen ýyrtyjy dinozawryň gowy saklanyp galan aýak yzyny tapdy. Geň ýeri, çagajyk ýöne bir kenarda gezmeläp ýörkä bu tapyndynyň üstünden bardy diýip, vesti.ru habar berdi. 

2021-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Günorta Uelsiň körpe ýaşaýjysy Lili Waýlder kakasy we iti bilen kenarda gezim edýän eken. Şol wagt uly bolmadyk daşyň ýüzündäki penje yzy çaganyň ünsüni çekipdir. Aýak yzynyň uzynlygy on santimetre ýetýän eken.
Ilkibaşda Waýlderleriň maşgalasy muny bary-ýogy kimdir biriniň ýöne çekäýen suratydyr öýdüpdir. Emma maşgalanyň ululary şuňa meňzeş aýak yzlarynyň bu kenardan ozal hem tapylandygyny bilýän ekenler. Şonuň üçin Liliniň ejesi "Facebook"-da professionallar jemgyýetini tapyp, tapyndynyň suratyny şol ýere ýerleşdiripdir. Onuň aýtmagyna görä, bu paleontologlaryň arasynda uly seslenme döredipdir.
Waýlderleriň maşgalasy bilen tiz wagtdan Uelsiň milli muzeýiniň işgärleri habarlaşdy. Alymlar tapyndyny kenardan alyp, muzeýe iberdiler.
Hünärmenler bu yzy galdyran dinozawr iki aýakda ýörändir diýip çaklaýarlar. Aýak yzynyň ölçeginden çen tutsaň, onuň boýy 75 santimetre, uzynlygy 2,5 metre ýeten bolmaly diýlip aýdylýar.
Käbir alymlar bu tapyndyny soňky on ýylda Angliýada tapylan iň oňat saklanan dinozawryň aýak yzy diýip hasap edýärler.

düýn 22:06
237

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

düýn 20:58
2.9k+

Täjigistanda daşary ýurtlulara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne diňe kesgitli sebitlerde

Täjigistanda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk şahslara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne jaýy diňe ýurduň hökümeti tarapyndan kesgitlenjek çäklerde satyn alyp bolar....

düýn 19:11
2.2k+

«Türkmentelekom» edara-kärhanalara wirtual Call-center hyzmatlaryny hödürleýär

«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy döwlet we hususy guramalara ýüz tutmalary kabul etmek hem-de müşderiler bilen özara gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin niýetlenen Call-center......

düýn 19:04
3.4k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....