В России готовятся зарегистрировать еще одну COVID-вакцину

  • 14.10.2020 00:17
  • 5.9k+

Russiýada häzirki wagtda kliniki synaglardan geçýän iki sanjymyň birini şu hepdede hasaba almak meýilleşdirilýär. Bu barada RF-iň Saglygy goraýyş ministri Mihail Muraşko habar berdi. Muny vm.ru ýetirýär.

Ol ýurtda häzire çenli diňe bir sanjymyň bellige alnandygyny, ýene iki sanysynyň bolsa synag tapgyrynyň dowam edýändigini aýtdy.

- Biz şu hepdede kliniki synag tapgyrynda bolan sanjymlaryň ýene birini hasaba almagy we önümçilige goýbermegi meýilleşdirýäris – diýip, Muraşko nygtady.

Koronawirus ýokanjyna garşy ikinji sanjymy “Wektor” ylmy merkezi işläp taýýarlady. Mälim bolşy ýaly, 30-njy sentýabrda merkez “EpiWakKorona” atly täze serişde üçin hem patent alypdy. Bu serişdäniň hasaba alnyşdan soňky barlaglaryna noýabr-dekabr aýlarynda başlanar.
Ministr koronawirus ýokanjyna garşy göreşde esasy şertleriň biri, ilaty dümewe garşy sanjymlar bilen üpjün etmegi ýokarlandyrmakdan ybaratdyr diýip belledi.
Ýatlap geçsek, Russiýa dünýäde ilkinji bolup “Sputnik V” ady bilen koronawirus ýokanjyna garşy serişdäni bellige alypdy. Onuň kliniki synaglary henizem dowam etdirilýär. Serişde ilki meýletinçilerde synagdan geçiriler.
Häzirki güne çenli sanjym ýokary täsirliligi we howpsuzdygyny görkezdi. Bu sanjym 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan köpçülikleýin ulanyşa giriziler. Saglygy goraýyş ministrligi bu sanjymyň COVID-19-a garşy immunitetiniň iki ýyla çenli saklanyp biljekdigini belledi. Häzirki güne çenli 30-dan gowrak ýurt rus sanjymyna gyzyklanma bildirdi. Russiýa koronawirusa garşy sanjymlar bilen üpjün etmek meselesi boýunça 50 ýurt bilen aragatnaşyk saklaýar. Serişdäni ilkinji bolup satyn alyp biljek ýurtlaryň arasynda Ýaponiýa, Günorta Koreýa, Gresiýa, Serbiýa, BAE we Argentina ýaly döwletler bar.

вчера 11:31
3k+

ВОЗ ожидает завершения вспышки хантавируса 2 июля

Всемирная организация здравоохранения (ВОЗ) заявила, что вспышка хантавируса может быть признана завершённой 2 июля, если к этому времени не будут выявлены новые случаи заболевания....

24.06.2026 18:05
2.7k+

ВОЗ: вспышка Эболы в ДР Конго стала крупнейшей в истории

Всемирная организация здравоохранения (ВОЗ) заявила, что текущая вспышка лихорадки Эбола в Демократической Республике Конго стала крупнейшей в истории по числу подтверждённых случаев за первый месяц после......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Новое лекарство от потери волос помогло 80% участников исследования

Человечеству известно множество причин выпадения волос, однако эффективных средств борьбы с этим процессом по-прежнему крайне мало. В ходе новых клинических испытаний экспериментальный препарат в виде таблеток......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Правила здоровья в летнюю жару: рекомендации туркменских медиков

Летний сезон требует особого внимания к здоровью. Центр медицинской информации Министерства здравоохранения и медицинской промышленности Туркменистана выпустил свод правил для безопасного проведения лета....