Berhiz lukmany çigidiň peýdasy barada aýtdy

  • 09.02.2020 21:46
  • 10k+

Günebakar çigidiniň esasy gowy tarapy — bu önümiň E witaminine baý bolmagydyr. Günebakaryň çigidiniň dogry möçberde kabul edilmegi saglyga oňaýly täsir edip bilýär we tiz garramadan goraýar.
«Çigit — peýdaly önüm. Men çigidi kabul etmegi maslahat berýärin, çünki olarda E witamininiň ägirt köp mukdary saklanýar. Ol biziň owadanlygymyz üçin gerek. Ol derini, saçy we dyrnaklary gowulandyrýar. Şeýle-de, çigitler süňk dokumalaryny berkitmek üçin hem peýdaly, çünki çigitde süňk üçin peýdaly bolan mis saklanýar» — diýip, berhiz lukmany düşündirýär.
Şol bir wagtda onuň aýtmagyna görä, günebakar çigidiniň örän kaloriýaly önümdigini hem ýatdan çykarmaly däl.
Gowrulmadyk çigidiň 100 gramynda 600 kaloriýa saklanýar, gowrulanda – 700 kaloriýa. Önümiň ýokary kaloriýalylygy we onda ýagyň ýokary düzüminiň barlygy sebäpli semiz adamlar çigidi seresaplylyk bilen hem-de az mukdarda kabul etmeli.
Pankreatit ýaly kesellerde çigidi kabul etmekden saklanmaly. Misiň ýokary düzüminiň bardygy sebäpli, çigit Wilson-Konowalowa keselli adamlara hem maslahat berilmeýär.

26.11.2025 12:04
7.2k+

Lancet: Aşa işlenen önümler adamyň ähli organlaryna diýen ýaly zyýan berýär

"Lancet" lukmançylyk žurnalynda çap edilen birnäçe biologik gözlegler aşa işlenip taýýarlanan iýmitleriň adamyň ähli organlaryna diýen ýaly ýaramaz täsir edip bilýändigini we ikinji görnüşli süýji keseli we beýleki keselleriň döremek howpuny ýokarlandyrýandygyny görkezdi...

23.11.2025 20:23
5.3k+

Alymlar süňkleriň öz-özüni dikeltmegine kömek etmegiň ýoluny tapdylar

Alymlar köp ýyllardan bäri süňk dykyzlygynyň peselýän we döwülme howpuny ýokarlandyrýan kesel bolan – osteoporoz keselini öwrenýärler. Häzirki dermanlar süňk dokumasynyň ýumrulmagyny haýalladýar ýa-da gysga wagtlyk onuň ösüşini höweslendirýär, emma käbirleri ýaramaz täsirleri döredýär...

23.11.2025 00:31
2.7k+

BMGÖM Türkmenistana kliniki barlaghanalar üçin enjamlary we reaktiwleri getirdi

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (ÖM) Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirýän «Türkmenistanyň kliniki-barlaghana gullugyny güýçlendirmek» atly taslamanyň çäginde laboratoriýa enjamlarynyň, reaktiwleriň we sarp ediş serişdeleriniň nobatdaky tapgyryny Türkmenistana gowşurdy...

19.11.2025 13:53
4.1k+

Ýaponiýaly lukmanlar türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşýarlar

Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) ýörite maksatnamasynyň çäklerinde Fukuoka şäheriniň Kýuşu milli uniwersitetiniň klinikasynyň lukmanlary Türkmenistanda saparda bolup, ýerli hünärmenler bilen tejribelerini paýlaşýarlar...