ABŞ immigrasiýa degişli bolmadyk wizalary almagyň düzgünlerini güýçlendirdi

  • 11.09.2025 06:40
  • 7.4k+

ABŞ-nyň häkimiýetleri daşary ýurtly raýatlar üçin immigrasiýa degişli bolmadyk wizalary, şol sanda B1/B2 syýahatçylyk wizalaryny almagyň düzgünlerini güýçlendirdi. Indi resminamalary diňe öz raýatlygyň degişli bolan ýa-da hemişelik ýaşaýan ýurduňda tabşyryp bolýar diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamenti habar berdi.

Şeýle wizalaryň berilmegi togtadylan 17 ýurduň raýatlary üçin arzalaryň tabşyrylyp bilinjek ilçihanalary we konsullyklary kesgitlendi.
Ozal islendik ýurtda söhbetdeşlikden geçip, resminamalary tabşyrmak mümkindi. Şol bir wagtyň özünde, eýýäm meýilleşdirilen söhbetdeşlikler güýjünde galýar.
Täze düzgünler A, G, C-2, C-3 görnüşli wizalara, NATO wizalaryna, diplomatik we gulluk wizalaryna, şeýle-de BMG-niň ştab-kwartirasy barada Şertnama boýunça saparlar bilen baglanyşykly wizalara degişli däldir. Döwlet departamenti aýratyn ýagdaýlarda ynsanperwer sebäpleri, lukmançylyk ýa-da daşary syýasat meseleleri boýunça kadadan çykmalaryň bolup biljekdigini belledi. 


düýn 21:38
4.2k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

düýn 12:02
5.5k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......

01.06.2026 13:04
3k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.8k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......