Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny gutlady

  • 14.06.2025 12:18
  • 19k+

Pre­zi­den­t Ser­dar Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň uçu­rym­la­ry­na, serker­de­le­ri­ne we pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry­na gutlag iberdi.

"Si­zi ýo­ka­ry ser­ker­de­ler dü­zü­mi­ni we iş­gär­le­ri taý­ýar­la­ýan Har­by aka­de­mi­ýa­ny hem-de hü­när­men­le­ri ýe­tiş­dir­ýän ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ni üs­tün­lik­li ta­mam­lap, ýo­ka­ry hü­när bi­li­mi­ne, il­kin­ji ser­ker­de­lik de­re­je­si­ne eýe bol­ma­gy­ňyz hem-de zäh­met ýo­lu­na ga­dam bas­ma­gy­ňyz bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn" diýlip, gutlagda aýdylýar.

Döwlet Baştutany uçurymlara ýüzlenip, olaryň ta­ryh­da öç­me­jek yz gal­dy­ran mer­da­na şah­sy­ýet­le­ri­mi­ziň eder­men­lik, gaý­duw­syz­lyk, we­pa­ly­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ni özü­ňi­ze nus­ga edi­nip, pa­ra­sat­ly pe­der­le­ri­mi­ziň şöh­ra­ty­ny ar­şa gö­ter­me­li­digini nygtaýar. "Hä­zir­ki za­man har­by teh­ni­ka­la­ry­na we en­jam­la­ry­na ýo­ka­ry de­re­je­de us­sat­lyk bi­len erk edip, Wa­ta­ny söý­me­giň kä­mil nus­ga­sy­ny gör­kez­me­li­si­ňiz. Hal­ky­my­zyň leb­zi­ha­lal­lyk, mert­lik, pes­päl­lik ýa­ly be­lent ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­ny özü­ňiz­de jem­läp, wa­tan­per­wer ger­çek­le­riň my­na­syp do­wa­ma­ty bol­ma­ly­sy­ňyz" diýlip, gutlagda aýdylýar.

"Ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryn­da Wa­tan mu­kad­des­li­gi­niň ga­dyr-gym­ma­ty­na bir­kem­siz dü­şün­ýän, pe­der­le­ri­mi­ziň mert­lik ýo­lu­na eýer­ýän, har­by sun­gat­dan us­sat­lyk bi­len baş çy­kar­ýan we har­by teh­ni­ka­la­ra ez­ber­lik bi­len erk ed­ýän, mu­kad­des Wa­ta­ny­my­zyň go­ran­mak uky­by­ny, ser­het­le­ri­mi­ziň mi­ze­mez­li­gi­ni pug­ta­lan­dyr­ma­ga, döw­le­ti­mi­ziň howp­suz­ly­gy­nyň we jem­gy­ýet­çi­lik asu­da­ly­gy­nyň go­ra­gy­ny üp­jün et­mä­ge sal­dam­ly go­şant goş­jak hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak­da ser­ker­de-mu­gal­lym­la­ra aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Si­ziň bu iş­de yh­las-ba­şar­nyk­la­ry­ňy­zy gaý­gyr­man, giň göz­ýe­tim­li, ýo­ka­ry ah­lak­ly we be­den taý­dan sag­dyn, Wa­ta­ny­my­za we­pa­ly ýaş­la­ry ýe­tiş­dir­mek ug­run­da tu­tan­ýer­li zäh­met çek­jek­di­gi­ňi­ze berk ynan­ýa­ryn" diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.


şu gün 00:27
3.7k+

Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi...

şu gün 00:11
1.3k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde CICA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) Baş sekretary Kaýrat Sarybaý bilen gepleşikleri geçirdi...

düýn 15:58
5.6k+

Eýranyň ilçisi ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýranyň Aşgabatdaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna berlen ynsanperwer kömegi hem-de beýleki ýurtlardan gelýän ynsanperwer ýükleriniň bökdençsiz geçirilmegine beren ýardamy üçin minnetdarlyk bildirdi...

düýn 09:14
3.2k+

Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi we forum açylýar

Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli guralan sergi we «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum öz işine başlaýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu waka mynasybetli çärä gatnaşyjylary gutlady diýip, TDH habar berýär...