Президент Туркменистана принял председателя Сената Пакистана

  • 02.06.2025 10:19
  • 3.3k+

31-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Saýed Ýusuf Raza Gilanini kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky özara düşünişmäge we birek-birege hormat goýmaga esaslanýan köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklar häzirki wagtda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag, bilim we medeni-ynsanperwer ýaly ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär.
Ýurtlarymyz birek-biregiň netijeli halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini, bu wakanyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň şanly 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini we şu mynasybetli ýurdumyzda köp sanly çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belledi hem-de Saýed Ýusuf Raza Gilanini we Pakistanyň Senatynyň agzalaryny bu çärelere işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki döwürde parlamentara hyzmatdaşlyk ýurtlaryň arasynda netijeli gatnaşyklary üpjün etmäge, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berýär. Şunuň bilen birlikde, parlamentara dialog döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Ikitaraplaýyn esasda hereket edýän Parlamentara dostluk toparlary kanun çykaryjylyk işinde we parlament diplomatiýasyny ösdürmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri döredýär.


27.06.2026 19:38
5.4k+

Рашид Мередов встретился с украинскими дипломатами

25 июня министр иностранных дел Туркменистана Рашид Мередов встретился с заместителем министра иностранных дел Украины Олександром Мищенко и специальным представителем МИД Украины по связям со странами......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Прошли туркмено-украинские политконсультации на уровне замминистров иностранных дел

25 июня в Министерстве иностранных дел Туркменистана состоялись туркмено-украинские политические консультации на уровне заместителей министров иностранных дел....

26.06.2026 20:55
3.1k+

Тошиаки Эндо вручили юбилейную медаль Туркменистана

25 июня в здании парламента Японии в Токио бывшему председателю японо-туркменской парламентской Лиги дружбы Тошиаки Эндо вручили юбилейную медаль Туркменистана «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna»,......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Туркменистан и Казахстан определили новые направления экономического сотрудничества

24 июня в Астане состоялось очередное заседание Совместной межправительственной комиссии по экономическому, научно-техническому и культурному сотрудничеству между Туркменистаном и Казахстаном. По итогам......