Kosmos zibili awiasiýa üçin howp salyp başlady: çaknyşma töwekgelçiligi ýokarlanýar

  • 14.02.2025 06:05
  • 7.7k+

Alymlar Ýere gaçýan kosmos zibilleriniň sanynyň artmagy sebäpli awiasiýa üçin howpuň hem ýokarlanýandygyny duýdurýar. Uçarlaryň döwük bölekler bilen çaknyşma töwekgelçiligi, aýratynam, awiagatnawlaryň ýygy-ýygydan bolýan gür ilatly sebitlerinde barha ýokarlanýar diýlip, Scientific Reports žurnalynda ýerleşdirilen makalada aýdylýar.

Britan Kolumbiýasynyň uniwersitetiniň ylmy gözlegçileriniň aýtmagyna görä, hemralaryň işjeň ösdürilmegi we raketa uçuşlarynyň sanynyň artmagy sebäpli, ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar böleginiň ýa-da demirgazyk Ýewropanyň üstünde döwük bölekleriň uçuş zolaklaryna düşmek ähtimallygy 26%-e ýetdi. Alymlar çaknyşmak töwekgelçiligini 100 000-den 1 diýip çaklaýar.
Şol bir wagtyň özünde hatda 1 gram agramly ownujak bölek hem uçaryň hereketlendirijisine ýa-da öňdäki aýnasyna düşen ýagdaýynda heläkçilikli netijelere sebäp bolup biler.
Häzir orbitada Ýere dolandyrylmaýan ýagdaýda gaçyp biljek 2300-den gowrak raketa korpusy bar. Diňe uçuşlaryň 35%-inde yzyna getirmegiň dolandyrylýan tehnologiýasy ulanylýar.
Alymlar howpsuz tehnologiýalara maýa goýulmasa, ýagdaýyň ýaramazlaşjakdygyny duýdurýar. Eger kosmos kompaniýalary zibilleri aýyrmagyň dolandyrylýan usullaryny ulanyp başlamasa, awiasiýa pudagy howa geçelgeleriniň ýapylmagyna sezewar bolup biler, bu hem gatnawlaryň köpçülikleýin ýatyrylmagyna ýa-da gijikdirilmegine getirer. 


19.05.2026 16:54
9.4k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 10:31
2.4k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......

21.04.2026 12:08
3.6k+

Başgalardan 400 km ýokarda bolanlar üçin geýim: Vast Space kosmonawtlar üçin kostýum döretdi

Vast Space kompaniýasy geljekki Haven-1 täjirçilik orbital stansiýasynda, şeýle hem Halkara kosmos stansiýasyna hususy missiýalarda ulanmak üçin astronawtlara  niýetlenen uçuş eşigini görkezdi. Tanyşdyryş......

11.04.2026 10:28
4k+

Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu......