Huawei Mate 70 Pro+ baradaky teswirleriň 99,99%-i položitel bolup çykdy: AnTuTu-nyň reýtingi

  • 12.02.2025 13:54
  • 5.9k+

AnTuTu bençmark programmasynyň işläp düzüjileri eýelerinden iň gowy teswirleri alan smartfonlaryň 2025-nji ýylyň ýanwar aýy boýunça täzelenen sanawyny hödürledi.

Sanawyň başyny eýeleriniň 99,99% oňyn teswiri bilen Huawei Mate 70 Pro+ çekdi. Kompaniýa sanawdaky öňdeligini Huawei Pura 70 Pro+ modeli bilen ikinji orny eýeläp berkitdi. Hytaýlylar Huawei-niň bu iki flagman modelini hem halaýarlar.
Üçünji orny Honor Magic V2 eýeledi: eýeleriniň 97,14%-lik oňyn teswirleri bilen Huawei Pura 70 Pro+ modelinden sähelçe baha bilen yzda galdy, ýöne Honor Magic6 modelinden öňde ýerleşmegi başardy.
Şeýle hem sanawyň ilkinji onlugyna Samsung-yň iki modeli girdi: Galaxy S24+ we Galaxy Z Fold5, degişlilikde 8-nji we 9-njy orunlarda ýerleşdiler.
Sanawyň 10-njy orny bolsa Xiaomi 15 modeline degişli boldy.
Eýelerini kanagatlandyran smartfonlaryň sany boýunça lider kompaniýa Honor boldy: sanawda onuň üç modeli ýerleşýär.


11.04.2026 14:59
7.9k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.2k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...