Kia EV6 2024-i hödürledi. Bu modeliň bahasy dünýä bazarynda 40 müň dollardan başlar

  • 18.05.2024 18:29
  • 7.4k+

Kia kompaniýasy 2024-nji ýylda dünýä bazaryna çykjak EV6 elektrik awtoulagynyň täzelenen görnüşini hödürledi. Model dört komplektasiýada çykar: Light, Air, Earth we GT-Line diýip, IXBT ýazýar.

Kia EV6 2024 täze fara formalary we täze radiator gözenegi ýaly, birnäçe daşky bezeg üýtgeşmelerini aldy. Kuzowynyň 10 dürli reňkli we salonynyň 5 dürli reňkli görnüşi bar.
Täzelenen modelde gizlin gapy tutawaçlary we täze 19 dýuýmlyk we 20 dýuýmlyk tigir diskleri bar. Tekerleriniň dizaýny bezeg derejesine baglylykda tapawutlanýar: adaty görnüşinde gara teker arkalary kuzowyň reňkine kontrast bolýar, GT-Line-de bolsa arkalar şol bir reňkde ýasalýar.
Kia EV6 2024-iň salonynda doly LCD gural paneli, merkezi multimediýa ekrany we iki dilli rul goýlan. Fiziki dolandyryş düwmeleri rulda, panelde we hereket režimini geçiriş şaýbasynyň golaýynda ýerleşýär. Apple Carplay we Android Auto goldaýar, açarsyz otlaýyş bar, yzy görkezýän sanly aýna oturdyldy, kämilleşdirilen baş ekrany we giňeldilen hakykat elementleri bilen nawigasiýa ulgamy bar.

Kia EV6 2024 iki wersiýada çykdy: bir we iki elektrik hereketlendirijili. Yzky hereketlendiriji 168kW kuwwatly we  iň ýokary 350Nm tork öndürýär. Iki motorly wersiýanyň birleşdirilen güýji 239 kWt, iň ýokary 605 Nm tork öndürýär.
Bir hereketlendirijilisiniň ýöreýiş ätiýaçlygy 494 km. 350 kilowatlyk zarýad beriji 18 minutda batareýa 10%-den 80% -e çenli zarýad bermäge mümkinçilik berýär.
Täze önümiň bahasy 40 000 dollardan başlap, 51 000 dollara çenli ýokarlaýar.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

01.06.2026 09:51
2.8k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....