Jon Jons indiki söweşiniň senesini aýtdy

  • 18.05.2024 16:59
  • 8.8k+

Agyr agramda UFC-niň häzirki çempiony Jon Jons 9-njy noýabrda Nýu-Ýorkdaky “Medison Skwer Garden” arenasynda geçiriljek UFC 308 ýaryşynda oktagona gaýdyp geler. Bu barada söweşiji öz sosial ulgamlarynda habar berdi diýip, “Çempionat” portaly ýazýar.

“9-njy noýabr, “Medison Skwer Garden”. Men şol ýerde bolaryn” – diýip, Jons sosial ulgamlarda ýazdy.

Jonsyň garşydaşynyň 120 kg çenli agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Stipe Mioçiçiň bolmagyna garaşylýar.
Ilkinji gezek Jons bilen Mioçiçiň arasyndaky söweş 2023-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilmelidi, ýöne söweşe bir ýarym hepde galanda Jons şikes alyp (kükrek myşsalarynyň dartylmagy), söweşden aýrylmaga mejbur boldy. Olaryň deregine wagtlaýyn çempion tituly üçin russiýaly Sergeý Pawlowiç bilen amerikaly Tom Aspinall söweşdi – bu söweşde Aspinall birinji raundda nokaut bilen ýeňiş gazandy.
Jons soňky söweşini 2023-nji ýylyň mart aýynda UFC 285-de Siril Gana garşy geçirdi we birinji raundda sabmişn bilen ýeňiş gazandy. Onuň hasabynda 27 ýeňiş we bir ýeňliş bar.
Mioçiç soňky gezek oktagona 2021-nji ýylyň mart aýynda UFC 260 ýaryşynda Frensis Ngannu garşy çykdy. Bu söweş Stipeniň nokaut arkaly ýeňilmegi bilen tamamlandy. Onuň hasabynda 20 ýeňiş we dört ýeňliş bar.


düýn 18:18
3.8k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.5k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......