Netflix Gabriel Garsiýa Markesiň romany esasynda “Ýüz ýyllyk ýalňyzlyk” atly tizer çykardy

  • 21.04.2024 10:20
  • 4.2k+

Netflix onlaýn platformasy öz YouTube kanalynda kolumbiýaly ýazyjy, edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi Gabriel Garsiýa Markesiň nusgawy romany esasynda döredilen “Ýüz ýyllyk ýalňyzlyk” serialynyň ilkinji tizerini neşir etdi.

Şol bir wagtyň özünde, wideoda goýberiljek takyk senesi görkezilmändir, serialyň “ýakyn wagtda” çykjakdygy bellendi; Birinji möwsüm 16 bölümden ybarat bolar.
Serialda  baş keşplerde Klaudio Katanýa, Žeronimo Baron, Marko Gonsales, Leonardo Soto we başgalar çykyş edýärler. Taslamanyň awtorlary serialyň üstünde işlemeklige meşhur ýazyjynyň ogullary Rodrigo bilen Gonzalony hem çekdiler.
“Ýüz ýyllyk ýalňyzlyk” Latyn Amerikasyndaky toslama Makondo şäherini esaslandyran Buendialar maşgalasynyň ýedi nesliniň epiki dessanydyr. Romanda hakykat jadyly we mistiki hadysalar bilen utgaşyp gidýär. Kitapda ýalňyzlyk, söýgi, hyjuw, hökmürowanlyk, uruş we ölüm temalary, şeýle hem geçmişiň şu güne we geljege edýän täsiri yzarlanylýar.
Bu roman Markes tarapyndan 1965-nji we 1966-njy ýyllar aralygynda 18 aýyň dowamynda ýazylypdyr. Bu jadyly realizm ugry boýunça iň meşhur eserleriň biridir. Romanyň ilkinji neşiri Buenos-Aýresde 1967-nji ýylyň iýun aýynda 8000 nusgada neşir edildi. Roman 35 dile terjime edildi we XX asyryň iň ähmiýetli edebi eserleriniň birine öwrüldi. Häzirki wagta çenli onuň 30 milliondan gowrak nusgasy satyldy.


27.06.2026 11:31
2.1k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2.1k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
19k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....