Samsung 2027-nji ýylda elektrik awtoulaglary üçin energiýa tygşytlaýan batareýany hödürlär

  • 13.03.2024 06:53
  • 3.9k+

Samsung korporasiýasy elektrikli ulaglar üçin batareýanyň täze görnüşini çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada The Register neşiri habar berdi.

Awtoulag batareýalaryny işläp düzmek we öndürmek işi SDI bölümi tarapyndan amala aşyrylar. Kompaniýa 2027-nji ýyla çenli berk gurluşly batareýalaryň önümçiligine başlar. Batareýalaryň energiýa dykyzlygy litr üçin 900 watt sagat bolup, olar elektrik awtoulaglarynda ulanmaga niýetleniler.
SDI gaty gurluşly batareýalaryň adaty litiý-ion batareýalaryna garanyňda, has ygtybarly we howpsuzdygyny belläp geçdi. Hususan-da, olar has uzak wagtlap energiýa tygşytlaýarlar we ownuk zeper ýeten ýagdaýynda ot almaýarlar. Samsung-yň bu bölümi dokuz minutda 80 göterim zarýad alyp bilýän we 20 ýyl töweregi ömri bolan batareýany işläp düzmegi meýilleşdirýär.
Korporasiýanyň wekilleri awtoulag batareýalarynyň takyk aýratynlyklaryny aýan etmediler. Kompaniýada diňe elektrik awtoulag öndürijileriniň islegine baglylykda önümçiligi artdyrjakdygyny aýtdylar.


şu gün 10:28
778

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......