Iýmiti ter saklaýan we bakteriýalary daşlaşdyrýan örtük döredildi

  • 04.03.2024 23:20
  • 7.4k+

Professorlar Mustafa Akbulut bilen Luis Sisneros-Zewalýos sinklenen polat üçin täze örtük döretdiler. Bu örtük azyk önümleriniň howpsuzlygyny ep-esli gowulandyrar, azyklaryň hapalanmagy bilen baglanyşykly keselleriň döremeginiň töwekgelçiligini kemeldip, iýmit zaýaçylygyny azaldyp biler diýip, News Medical habar berýär.

Sinklenen polat – bu iýmit saklanýan konteýnerlerde giňden ulanylýan material, ýöne onuň kemçilikleri bar: poslaýar we bakteriýalaryň döremegine sezewar bolýar.
Täze örtük bu meseleleriň ikisini hem çözýär. Ol bakteriýalaryň iýmitiň ýüzüne ýapyşmagyna ýol bermän, özünden itekleýär, bu bolsa önümleriň saklanyş möhletini uzaldýar, şeýle-de, sinklenen poladyň poslamagyny 70% azaldyp, konteýnerleri has çydamly edýär.
Örtük “supergidrofob” we “hapa garşy” häsiýetlere eýedir, ýagny ol suwy özünden itekleýär we üstki gatlakda kömelekleriň, bakteriýalaryň we hatda, hapanyň döremeginiň hem öňüni alýar.
Sisneros-Zewalýos: "Bu çözgüdiň senagat tarapyndan kabul edilmegini isleýäris" -diýdi.
Journal of Food Engineering žurnalynda çap edilen bu gözleg azyk senagaty üçin uly ähmiýete eýedir. Örtük eýýäm bar bolan gaplar üçinem ulanylyp bilner, bu bolsa ony elýeterli we amaly çözgüde öwürýär.


düýn 20:50
4.7k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

düýn 13:26
1.1k+

Ýapon alymlary ýeke-täk atoma esaslanýan kwant kamerasyny döretdiler

Ýaponiýaly fizikler kwant mikroskopunyň esasy hökmünde ýeke-täk rubidiý atomyny ulanýan täze wizualizasiýa usulyny işläp düzdüler. Ýaponiýanyň Döwlet tebigy ylymlar institutynyň habar bermegine görä, «atom......

düýn 13:04
4.3k+

Fizikler altynyň «ebedi lowurdysynyň» syryny açdy we ony soldurmagyň usulyny tapdy

Altynyň ony naýbaşy şaý-sep metalyna öwürýän himiki passiwligi uzak wagtlaryň dowamynda ylym üçin syr bolup galdy. Tuleýn uniwersitetiniň (ABŞ) alymlar topary ilkinji gezek altynyň okislenmäge bolan täsin......

30.05.2026 00:14
2.1k+

Gün işjeňligi kosmos galyndylarynyň orbitadan çykmagyny çaltlaşdyrýar

Alymlar Günüň işjeňliginiň artmagynyň, atmosferanyň ýokarky gatlaklarynyň giňelmegi sebäpli, kosmos galyndylarynyň Ýeriň orbitasyndan çykmagyny çaltlaşdyrýandygy barada netijä geldiler....