Hindistan we Ýaponiýa Aý taslamasynda hyzmatdaşlyk ederler

  • 30.08.2023 11:52
  • 4k+

Hindistan we Ýaponiýa «Chandrayaan-3» maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde Aýda bilelikdäki «Lunar Polar Exploration Mission» (LUPEX) missiýasyny işjeňleşdirerler diýip, «Nikkei» neşiri habar berýär.

Taslamanyň çäklerinde Deli we Tokio 2025-nji maliýe ýylynda (2026-njy ýylyň 31-nji martynda tamamlanar) Aýyň günorta polýusynyň sebitine rower bilen düşüriji enjam ibermegi meýilleşdirýärler, bu enjam Ýeriň tebigy hemrasynda suw buzlarynyň gözlegi bilen meşgullanar. Munuň üçin Hindistan düşüriji enjamy, Ýaponiýa bolsa planetada hereket etjek ýokary tehnologiýaly ylmy gurallar bilen üpjün edilen roweri hem-de raketany döreder.


şu gün 10:51
398

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:26
4.5k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

31.05.2026 13:26
1.7k+

Ýapon alymlary ýeke-täk atoma esaslanýan kwant kamerasyny döretdiler

Ýaponiýaly fizikler kwant mikroskopunyň esasy hökmünde ýeke-täk rubidiý atomyny ulanýan täze wizualizasiýa usulyny işläp düzdüler. Ýaponiýanyň Döwlet tebigy ylymlar institutynyň habar bermegine görä, «atom......