Türkmenistan Eýran bilen swop gaz ibermelerini artdyrdy

  • 08.08.2023 18:23
  • 7.9k+

Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň baş müdiri Majid Çegani günde 10 million kub metr türkmen gazynyň synag hökmünde iberilýändigini aýtdy.

Orient agentliginiň Mehr agentligine salgylanyp habar bermegine görä, bu barada ol metbugat ýygnagynda habar beriş serişdelerine aýtdy. Çegani: “Türkmenistana bergimizi üç tapgyra bölüp töledik we indi bu ýurtdan gaz çalşygynyň mukdaryny günde 4,5 milliondan 8 million kub metre çenli artdyrdyk. Türkmenler bilen gysga möhletli we uzak möhletli görnüşlerde gaz importy barada ylalaşdyk."
Resmi wekiliň sözlerine görä, Türkmenistandan her günde 10 million kub metr gaz üpjünçiligi boýunça synag üstünlikli geçirildi. Bu meýilnamalar Türkmenistanda gaz ýataklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegine laýyklykda importyň mukdaryny ýokarlandyrmagy öz içine alýar.
2021-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda Eýran bilen Azerbaýjanyň arasynda türkmen «mawy ýangyjyny» swoplaýyn ugratmak meselesinde möhletsiz üçtaraplaýyn şertnama gol çekildi.
2022-nji ýylda Türkmenistan şertnamanyň çäklerinde her günde Eýrana 4-4,5 million gaz ugratdy.
Şunlukda, Tähran bilen Baku agzalan çalşyk shemasy esasynda türkmen tebigy gazynyň importyny iki esse artdyrmaga taýýardyklaryny mälim etdiler.


17.01.2026 08:47
4.8k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.6k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...