Boeing Hindistanda ýolagçy uçarlaryny ýük uçarlaryna öwürmek üçin zawod gurar

  • 12.03.2023 13:05
  • 30k+

Boeing amerikan korporasiýasy Hindistanda ýolagçy uçarlaryny ýük uçarlaryna öwürmek bilen meşgullanjak zawody gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň ösüş boýunça müdiri Mark Allene salgylanyp, Reuters agentligi habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

Onuň aýtmagyna görä, bu kärhana Boeing-iň Hindistandan 1 mlrd dollarlyk üpjünçilik zynjyrynyň üstüni ýetirer we bu döwlete ýük gatnawlarynyň global merkezine öwrülmäge kömek eder. Ýöne Allen desganyň haçan guruljakdygy we maýa goýumyň möçberiniň nähili boljakdygy barada jikme-jik maglumat bermedi.
Agentligiň maglumatlaryna görä, zawody döretmek başlangyjy Boeing-iň Hindistanda barlygyny giňeltmek maksady esasynda peýda boldy. Kompaniýa fewral aýynda uçar bölekleri üçin logistika merkezini döretmäge 24 mlrd dollar maýa goýmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Şeýle-de Air India awiagatnadyjysy Boeing-den we Airbus-dan 100 mlrd dollardan gowrak mukdara tas 500 uçar sargyt etdi.


düýn 22:08
1.8k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

15.06.2026 12:34
1.5k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......