Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

  • 01.11.2022 00:36
  • 45k+

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministr Narendra Modä ýurduň Gujarat ştatynda köpriniň ýykylmagynyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.  

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi. 
30-njy oktýabrda agşam Hindistanyň Gujarat ştatyndaky Morbi şäherinde pyýadalar üçin niýetlenen asma köpri ýykyldy. NDTV-niň habar bermegine görä, 141 adam aradan çykdy.


düýn 23:10
2.2k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....

15.05.2026 11:17
7.9k+

Ýaza ýaraşmajak ýagdaý: Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynda adatdan daşary güýçli harasat boldy

13-nji maýda agşamara Hindistanyň demirgazygyndaky Uttar-Pradeş ştatynda örän güýçli harasat turdy. Tebigy apatyň netijesinde azyndan 111 adam pida boldy we 72 adam dürli şikesleri aldy. Harasat güýçli ýagyş,......

15.12.2025 17:38
14k+

Hindistanda goýy tüsse sebäpli 100-den gowrak awiagatnaw ýatyryldy, ýene 300 sanysy gijikdirildi

Hindistanda daş-töweregiň görünmezligine getiren we ulag gatnawlaryna zyýan ýetiren goýy tüsse sebäpli 100-den gowrak awiagatnaw ýatyryldy, ýene 300-e golaýy bolsa gijikdirildi. Nýu-Delide we onuň golaýyndaky sebitlerde ýagdaý has kynlaşdy, bu ýerde goýy zäherli tüsse ulag gatnawyny bökdedi diýip, NDTV habar berýär...

25.11.2025 12:46
19k+

Hindi kinosynyň iň meşhur aktýorlarynyň biri Dharmendra aradan çykdy

Mumbaýda 89 ýaşynda Bolliwud kinosynyň ýyldyzy Dharmendra (doly ady – Dharmendra Kewal Krişan Deol) aradan çykdy. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Dharmendra hindi kinosynyň iň esasy şahsyýetleriniň biridi...