Pekinde Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň alawynyň estafetasy başlandy

  • 03.02.2022 09:37
  • 3.9k+

Çarşenbe güni Pekinde Olimpiada—2022-niň alawynyň estafetasy badalga aldy. Dabara HHR-niň paýtagtynyň demirgazygyndaky Olimpiýa seýilgähinde geçirildi diýip TASS habar berýär.

Estafeta ýerli wagt bilen 09:16-da (05:16 GMT+4) başlandy. «Pekinde Gyşky Olimpiýa oýunlary - 2022-niň estafetasyna badalga berýärin» - diýip dabaranyň barşynda HHR-niň Döwlet Geňeşiniň birinji wise-premýeri Han Çžen belledi.
Pandemiýa zerarly estafetanyň geçjek ýoly we dowamlylygy düýpli azaldyldy. Koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen estafeta ylgawy tomaşaçylarsyz geçiriler. Mundan başga-da, onuň tapgyrlary köp ilatly köçelerden we etraplardan uzakda geçýär. Estafeta 12 sany esasy tapgyry öz içine alar: Pekin we Çžanszýakou şäherleriniň her birinde olimpiýa alawyny gowşurmak üçin bäş sany zolak döredildi, ýene-de iki zolak paýtagtyň Ýansin etrabynda döredildi.


18.06.2026 14:40
4.2k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

06.05.2026 23:46
1.9k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.8k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....

15.03.2026 19:17
2.4k+

Mercedes ýene-de öňde: Antonelli — «Formula-1-iň» taryhynda iň ýaş ikinji ýeňiji

«Mercedes» toparynyň italýan sürüjisi Andrea Kimi Antonelli «Formula-1» çempionatynyň täze möwsüminiň ikinji tapgyry bolan Hytaý Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. 19 ýaşly Antonelli ýaryşlar tapgyrynyň taryhynda iň ýaş ýeňijileriň hataryna girdi...