Aşgabatda ýokary derejede türkmen-gyrgyz gepleşikleri geçirildi

  • 29.06.2021 10:28
  • 6k+

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarowyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Duşuşyk iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Gün tertibine söwda, ykdysady, ýangyç-energetika we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyk, şeýle hem ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi girdi.
Iki döwletiň ýolbaşçylary söwda, energetika, ulag we agrosenagat toplumy ýaly döwletara hyzmatdaşlygynyň bar bolan mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Gepleşikleriň dowamynda Japarow türkmen işewürlerini Gyrgyzystanda maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga çagyrdy. Onuň pikiriçe, ýeňil senagatda hyzmatdaşlygyň uly geljegi bar, bu ýerde "türkmen dokma önümleriniň hili Gyrgyzystanyň egin-eşik senagatynyň mümkinçilikleri bilen birleşdirilip bilner".
Sadyr Japarow Gurbanguly Berdimuhamedowy Gyrgyzystana resmi sapar bilen çagyrdy.


14.05.2026 19:01
1.8k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......