ÝOM-laryň arasynda düzme ýazmak boýunça bäsleşigiň ýeňijileri belli boldy

  • 05.11.2020 23:21
  • 13k+

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Durnukly ösüş maksatlary biziň aňymyzda we hereketlerimizde” atly mowzuk boýunça geçirilen döredijilik bäsleşiginiň guramaçylary ýeňijileriň atlaryny yglan etdiler. Çäre Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň başlangyjy bilen, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna we Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli geçirildi.

Bäsleşige ýurdumyzyň 17 ýokary okuw mekdebinden jemi 235 talyp gatnaşdy. Emin agzalarynyň garamagyna guramaçylar tarapyndan “Türkmenistanda daşary ýurt dilleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp kesgitlenen iňlis dilinde esse žanrynda ýazylan tematiki düzmeler hödürlenildi diýip, “Türkmenistan - Altyn asyr” habar berýär.

Eminler ähli eserleriň içinden iň oňat 20 awtoryň eserini ykrar etdiler. Baş baýraga Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we we Informatika institutynyň talyby Nurgeldi Arazow mynasyp boldy.
Beýleki baýrakly orunlary Enejan Uraýewa (Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty), Baýnazar Nepesow (Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty), Toýgeldi Nyýazow (Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti) dagylar eýelediler. Baýrakly orunlara şeýle hem türkmen ýokary okuw mekdepleriniň ýene 16 talyby mynasyp boldy.
Baýraga mynasyp bolan işleriň käbiri awtorlar tarapyndan sylaglanyş dabarasynda prezentasiýa görnüşinde tanyşdyryldy. Çäre Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirildi. Welaýatlardaky ýokary okuw mekdeplerinden bolan ýeňijiler uzak aralykdan wideo görnüşinde çykyş etdiler.
Gowy makalalaryň awtorlary şahadatnamalar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy. Oňyn tejribäni göz öňünde tutup, guramaçylar bäsleşigi her ýyl geçirmek kararyna geldiler.

şu gün 18:59
1.1k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......

şu gün 16:18
529

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli iki günlük ylmy maslahat geçirilýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen......

düýn 18:12
5.7k+

Türkmenistanda 31 alyma ylymlaryň doktory we kandidaty derejeleri berildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 16:37
5k+

Döwlet Baştutany TYA-nyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça......