В Туркменистане организована всесторонняя подготовка по предотвращению проникновения COVID-19

  • 06.05.2020 12:42
  • 9k+

Adamyň saglygyna uly howp salýan we şoňa görä-de, bütin dünýä jemgyýetçiliginde biynjalyklanma döredýän täze koronawirus ýokanjynyň Türkmenistana getirilmeginiň we onuň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça tabşyryklaryndan ugur alnyp, bu meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanylýar, ýokary derejede hemmetaraplaýyn taýýarlyk işleri guraldy. Bu barada Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde «Awaza» kongresler merkezinde geçiren Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde habar berdi.
Mejlisde ýurdumyzyň çäklerine koronawirus ýokanjynyň aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak üçin görülýän meýilleşdirilen çäreler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu meseleler boýunça ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi, bu ugurda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.
Bellenilişi ýaly, raýatlarymyzyň saglygy baradaky aladalarynyň netijesinde ýokanç keselleri öňünden duýdurmak, ilatyň bu kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli ulgamlaýyn işler ýaýbaňlandyryldy.
Türkmenistanda käbir ýokanç keseller, şol sanda drakunkuloz, poliomiýelit, gyzzyrma, gyzamyk we gyzylja ýaly keseller ýok edildi. Gazanylan üstünlikler halkara guramalar tarapyndan ykrar edildi hem-de degişli Güwänamalar bilen tassyklanyldy.
Soňky ýyllarda duzy ýodlaşdyrmak boýunça netijeli işler geçirildi. Bu bolsa ýoduň ýetmezçiligi bilen baglanyşykly ýüze çykýan keselleri netijeli öňünden duýdurmaga mümkinçilik berdi. Ýurdumyzyň ählumumy ýodlaşdyrmagyň gazanylandygy barada halkara Güwänama mynasyp bolmagy bu işleriň netijesi boldy. Türkmenistanyň GDA girýän döwletleriň we Merkezi Aziýa ýurtlaryň arasynda ilkinji, dünýäde bolsa dördünji ýurt bolup, duzy halkara ölçeglerine laýyklykda ýodlaşdyrmagy üpjün edýän ýurt hökmünde ykrar edilendigi bellärliklidir.

вчера 20:17
4.8k+

В Юте почти неделю борются с крупным лесным пожаром

В американском штате Юта уже пятый день продолжается тушение крупного лесного пожара. В ликвидации возгорания участвуют более тысячи пожарных, сообщил телеканал ABC News....

25.06.2026 12:37
7.4k+

Два мощных землетрясения произошли в Венесуэле

В Венесуэле 24 июня произошли два сильных землетрясения магнитудой 7,2 и 7,5, вызвавшие разрушения в Каракасе и других районах страны. Власти объявили чрезвычайное положение. Официальные данные о погибших и......

24.06.2026 18:53
12k+

Когда стихия переписывает историю: 5 природных катастроф, изменивших мир

Природные катастрофы традиционно ассоциируются с масштабными разрушениями. Однако история показывает, что некоторые из них способны на большее — они могут менять вектор развития человечества....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Сейсмологи: Землетрясение 2011 года сдвинуло Японию на 6 мм на восток

Международная группа сейсмологов обнаружила ранее неизвестный науке эффект, вызванный Великим восточно-японским землетрясением 2011 года. Исследование американских и французских ученых, опубликованное в......