Bu günki gün dünýä-de Covid-19 ýokanjy ýüze çykarylmadyk bary-ýogy 16 sany döwlet galdy, diýip ArzuwNews habar berýär. Soňky gezek koronawirus 5-nji aprelde Günorta Sudanda ýüze çykaryldy.
Afrika kontinentinde 54 döwletden diňe 3-sinde koronawirus ýokanjy hasaba alynmady — Lesoto Patyşalygy (2,2 mln adam), San-Tope we Prinsipi (204 müň) we Komor adalary (813 müň).
Covid-19 ýokanjy, esasan, adalarda ýerleşýän döwletlerde ýüze çykarylmady — Wanuatu (276 müň), Marşal adalary (53 müň), Tonga (108 müň), Kiribati (116 müň), Solomon adalary (611 müň), Mikroneziýa (105 müň), Tuwalu (11 müň), Palau (21 müň), Nauru (13 müň).
Aziýa yklymynda dört döwletde bu ýokanç kesel hasaba alynmady. Olardan ikisi Merkezi Aziýa döwletleri — Türkmenistan (5,7 mln), Täjigistan (8,9 mln adam); KHDR (25,4 mln) we Ýemen (28,2 mln).
Ýurdumyzda ýokanç keseliň täze görnüşiniň — COVID-19 koronawirusynyň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler öz wagtynda görüldi. Hususan-da, serhet, migrasiýa, gümrük düzgünleri tapgyrlaýyn berkidildi. Şol bir wagtyň özünde emele gelen hakyky ýagdaýlar sebäpli, Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen howa gatnawlary çäklendirildi.
Ýurdumyzyň içinde hem ähli saglygy goraýyş ulgamynyň işi öz wagtynda bu täze howpa garşy gönükdirildi. Saglygy goraýyş edaralary üçin biz ähli zerur serişdeleri satyn alýarys. Şoňa görä-de, häzirki wagtda bu edaralar iň döwrebap enjamlar, özbaşdak gorag serişdeleri, test-ulgamy, lukmançylyk serişdeleri we beýleki zerur enjamlar bilen doly üpjün edildi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda arassaçylyk we fitoarassaçylyk, weterinariýa gözegçilik ulgamy takyk işleýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet serhediniň ähli barlag-goýberiş nokatlarynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň we beýleki degişli döwlet edaralarynyň hünärmenlerinden ybarat toparlar iş alyp barýar.
В мире всего 16 стран, в которых не выявлено случаев заражения Covid-19
- 13.04.2020 21:02
- 22k+