Apple tutuş dünýä lukmanlary üçin gorag ekranlarynyň önümçiligini işe girizdi

  • 06.04.2020 23:46
  • 6.2k+

Apple-iň ýolbaşçysy Tim Kuk kompaniýanyň tutuş dünýäniň lukmanlary üçin niýetlenilen, ýüz üçin hususy gorag ekranlaryny döredendigini we ony önümçilige girizendigini habar berdi. Bu barada iphones.ru saýtynda bellenilýär.
Kukuň aýtmagyna görä, ekranlar iki minudyň içinde gurnalýarlar we kelläň ölçegine görä sazlanýarlar.  
Apple eýýäm Hytaýda we ABŞ-da önümçiligi ýola goýdy. Kompaniýa gorag ekranlaryny hepdede 1 milliondan çykarmagy meýilleşdirýär.
“Apple tutuş dünýäde COVID-19-a garşy göreşi goldaýar. Häzirki wagtda biz 20 milliondan gowrak maskany ýola goýduk. Biziň taslamalary düzüji, inžener we gaplama boýunça hünärmen toparlarymyz medisina işgärleri üçin ýüze dakylýan gorag ekranlarynyň taslamalary, olaryň önümçiligi we olary ýerlemek boýunça kärhanalar bilen bilelikde iş alyp barýarlar – diýip Tim Kuk belleýär.
Öň Apple ABŞ-nyň hassahanalary üçin 9 million maskany kömek üçin berdi. Bu babatda ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pens: “Bu, meniň bilşime görä, hem prezidenti, hem biziň ählimizi, koronawirusa garşy göreş boýunça Ak öýüň operatiw toparynda işleýänleri hakykatdan hem ruhlandyrýan jomartlygyň derejesi” diýip belledi.  

11.05.2026 11:37
4.2k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.7k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.6k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......