Организаторы Евровидения сообщили об отмене конкурса

  • 20.03.2020 06:16
  • 2.8k+

“Ýewrowideniýe” aýdym bäsleşigi resmi taýdan ýatyryldy. Bu barada çäräni gurnaýjylara salgylanmak bilen oreanda.ru habar berýär.
Bäsleşigiň wekilleriniň Twitterdäki publikasiýasynda Ýewrowideniýe 2020-niň ýatyrylandygy baradaky kyn karary Ýewropanyň gepleşikler birleşiginiň kabul edendigi habar berilýär.
Birleşik çäräni gurnamak bilen bagly başga usullary hem gözden geçirip gördi. Öň, ony tomaşaçasyz geçirmek boýunça hödürlenen teklip hem bäsleşik geçirilýän ýurduň saglygy goraýyş ministrliginiň berk talaplarynyň esasynda kabul edilmedi. Ahyrynda birleşik ony doly ýatyrmak kararyna geldi.
Bu maglumatlaryň resmi tassyklanmasy heniz gelip gowşanok. 17-nji martda guramaçylaryň Twitterdäki resmi sahypasynda infeksiýanyň ýaýramagy bilen bagly ýagdaýyň hemişe üýtgeýändigi we muny hem hökman göz öňünde tutmalydygy habar berilýär.
“Biz şu ýylyň “Ýewrowideniýesiniň” ykbaly baradaky habara sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyňyza düşünýäris. Haýyş, biziň bilen galyň. Biz ýakyn wagtda habar ýetireris diýip umyt edýäris” – diýlip, habarda görkezilýär.
Bäsleşigiň geçirilmegi 2021-nji ýyla süýşürildi. Ýatladyp geçsek, her ýylda geçirilýän bu uly bäsleşik Niderlandiýanyň Rotterdam şäherinde üstümizdäki ýylyň 12-16-njy maýynda geçirilmelidi. “Ýewrowideniýäniň” guramaçylary auditoriýa özlerini goldamagy haýyş etdiler we Niderlandiýada bäsleşigiň taýýarlygy bilen meşgullananlara minnetdarlyk bildirdiler.

вчера 20:17
4.8k+

В Юте почти неделю борются с крупным лесным пожаром

В американском штате Юта уже пятый день продолжается тушение крупного лесного пожара. В ликвидации возгорания участвуют более тысячи пожарных, сообщил телеканал ABC News....

25.06.2026 12:37
7.4k+

Два мощных землетрясения произошли в Венесуэле

В Венесуэле 24 июня произошли два сильных землетрясения магнитудой 7,2 и 7,5, вызвавшие разрушения в Каракасе и других районах страны. Власти объявили чрезвычайное положение. Официальные данные о погибших и......

24.06.2026 18:53
12k+

Когда стихия переписывает историю: 5 природных катастроф, изменивших мир

Природные катастрофы традиционно ассоциируются с масштабными разрушениями. Однако история показывает, что некоторые из них способны на большее — они могут менять вектор развития человечества....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Сейсмологи: Землетрясение 2011 года сдвинуло Японию на 6 мм на восток

Международная группа сейсмологов обнаружила ранее неизвестный науке эффект, вызванный Великим восточно-японским землетрясением 2011 года. Исследование американских и французских ученых, опубликованное в......