Hytaýda koronawirusa wagtlaýyn NCP ady dakyldy

  • 09.02.2020 22:09
  • 8.8k+

Hytaýyň hökümeti koronawirusyň täze görnüşine wagtlaýyn Novel Coronavirus Pneumoni (NCP) diýen ady berdi. Bu abbrewiatura «koronawirusyň täze görnüşi bilen ýüze çykan pnewmoniýa» diýmekligi aňladýar — diýlip ýurduň hökümetiniň bildirişinde aýdylýar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy 2019-nCoV wirusyna heniz resmi halkara ady bermedi. Ol saglyk bilen bagly keseliň we problemalaryň klassifikasiýasynyň halkara hasabatyndan soň belli ediler. Bu barada Ria Nowosti agentligi habar berýär.
Ýatladyp geçsek, täze keseliň ýaýrawy Uhan şäherinde 2019-njy ýylyň ahyrynda bellige alyndy. Soňrak Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy wirusyň ýaýramagyny halkara derejeli adatdan daşary ýagdaý diýip ykrar etdi. Kesel bilen bagly hadysalar 26 ýurtda ýüze çykaryldy. Ýogalanlaryň sany Hytaýda 2002-2003-nji ýyllardaky atipik pnewmoniýanyň (SARS) ýaýramagy zerarly heläk bolanlaryň sanyndan ýokary geçdi.

düýn 15:51
5.6k+

Antarktidadaky Erebus wulkany altyn sowurýar

​Anatarktidada ýerleşýän, planetanyň günortadaky iň işjeň wulkany bolan Erebus, her gün atmosfera gazy we bugy bilen bilelikde altynyň mikroskopik bölejiklerini-de zyňýar. Barlagçylar wulkanyň zyňyndylarynyň......

24.04.2026 18:54
9.2k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

22.04.2026 01:04
7.8k+

«A23a tükendi». Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan buzluk öz meýdanynyň 99%-ini ýitirdi

2025-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan A23a buzlugy öz «ýaşaýşyny» bes etdi diýen ýaly. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-barlag instituty habar berdi....

21.04.2026 16:23
10k+

Braziliýada ýagan güýçli doly müňlerçe awtoulaga zyýan ýetirdi

Geçen hepdäniň ahyrynda Braziliýanyň San-Paulu şäherine uly möçberli doly ýagdy. Bu tebigy hadysa şäheriň infrastrukturasyna we ilatyň emlägine uly zeper ýetirdi....