Alymlar budilnigiň sesiniň işe ukyplylyga täsir edýändigi barada aýtdylar

  • 08.02.2020 23:32
  • 3.3k+

Geçirilen barlaglara laýyklykda, adamy ir bilen oýarýan sesler onuň özüni näderejede ukuda we agyr ýagdaýda duýmagyna täsir edip bilýär. Muny Awstraliýanyň Melburn tehnologik uniwersitetiniň alymlary anykladylar.
Hünärmenleriň gelen netijelerine salgylansak, budilnigiň ýiti sesiniň irdenki ukuçyllygyň derejesini ýokarlandyrýan wagty, hoş owazly signallar ir bilen gujurlylyk bermäge kömek edýär. Eger-de adam nädogry oýanýan bolsa, onuň iş öndürijilik ýagdaýy peselýär, heläkçilige uçramak howpy bolsa ýokarlanýar. Budilnigiň signalyny dogry saýlamak esasy faktordyr. Bu oýananyndan soň howply hadysalarda, mysal üçin, uçarman ýa-da ýangyn söndüriji bolup işleýänler üçin has hem möhümdir.
Alymlar tejribe geçirdiler, onuň dowamynda olar meýletinçileriň ruhubelentligine we işe ukyplylygyna gözegçilik etdiler. Barlaga ýörite düzülen onlaýn-soragdan geçen 50 sany adam gatnaşdy. Ähli gatnaşyjylara dürli owazly sesde oýanmagy tabşyrdylar: käbirleriniňki ýuwaş hem-de ýakymlydy, käbirleriniňki bolsa, galmagally hem-de ýitidi.
Netijede, hünärmenler hoş owazly sazlarda oýanan meýletinçileriň ukynyň inersiýasynyň, ýagny bir minutdan birnäçe sagada çenli dowam edip bilýän «togtama» ýagdaýynyň aradan aýrylýandygyny kesgitlediler. Şunuň bilen birlikde, budilnigiň sesiniň güýçlüliginiň meýletinçileriň oýananyndan soňky ýagdaýyna hiç hili täsir etmeýändigi, ruhubelentligiň hem-de özüňi gowy duýmagyň diňe sesiň owazlylygyna baglydygy anyklanyldy, diýip «Zwezda» teleýaýlymynyň saýty habar berýär.
«Biziň ählimiz budilnigiň «pi-pi-pi» ýaly ýiti sesleri adamyň çalt we gowy oýanmagyna kömek edýär diýip pikir edýärdik, ýöne biziň tejribelerimiz bu ýagdaýda ýakymly sesleriň has netijelidigini görkezdi. Bu biziň üçin garaşylmadyk waka boldy» — diýip, Melburn tehnologik uniwersitetiniň alymy habar berýär.

12.06.2026 18:22
9.1k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....