Компанию Apple исполнилось 43

  • 05.01.2020 23:30
  • 3.5k+

1977-nji ýylyň 3-nji ýanwary – 75 000 adam zähmet çekýän, bahasy ýarym trillion töweregi bolan we häzirki wagtda dünýäde iri IT-kompaniýasy hasaplanylýan brendiň doglan güni.
Ähli zat Stiw Jobs we Stiw Woznýak atly iki dostuň Jobsuň kakasynyň ulagjaýynda ornaşmagy bilen «Apple I» atly hususy oýlanyp tapylan enjamyny ýygnap başlamagyndan başlanýar. Birnäçe hepdeden soň, «Apple II» söwda wersiýasy ýüze çykýar, diýip Joinfo.com habar berýär.
1984-nji ýylyň ýanwarynda iki ýoldaş adaty ulanyja bahasy boýunça elýeter bolan grafiki interfeýsli ilkinji «Macintosh» kompýuterini hödürleýär.
1985-nji ýylda Stiw Jobs «Apple-dan» gidýär we «NeXT» kompaniýasyny esaslandyrýar, 1996-njy ýylda bolsa «Apple-e» dolanyp gelip, onuň baş müdiri bolýar we 2011-nji ýyla çenli şol wezipesinde galýar.
2001-nji ýylda brend özüniň ilkinji «Apple Store» internet-dükanyny işe girizýär we ony ownuk satuw lineýkasyna goşýar. Bu internet-dükany özboluşly üstünlige eýe bolýar.
Şol ýylda «Apple» ilkinji kompýuter däl önümi bolan iPod-y anons edýär, sazlary ýüklemegiň legal onlaýn-hyzmatlarynyň bazarynyň dessine 70%-ni eýelän iTunes saz dükanynyň işe girizilmegi bilen bolsa, onuň satuwy düýpli ýokarlanýar.
2007-nji ýylda «Apple Computer Inc.» öz adyndan «kompýuter» sözüni aýyrýar.
Häzirki wagtda «Apple Inc.» «Apple Store» we «iTunes Store» internet-dükanlarynyň ýany bilen bir hatarda 14 ýurtda 408 sany ownuk satuw dükanlaryna eýeçilik edýär. Omnicom analitik toparynyň maglumatlary boýunça, «Apple» häzirki wagtda dünýäde iň gymmat brend hasaplanylýar we «Fortune 500-iň» sanawyndaky kompaniýalaryň ilkinji onlugyna girýär.

вчера 20:17
4.8k+

В Юте почти неделю борются с крупным лесным пожаром

В американском штате Юта уже пятый день продолжается тушение крупного лесного пожара. В ликвидации возгорания участвуют более тысячи пожарных, сообщил телеканал ABC News....

25.06.2026 12:37
7.4k+

Два мощных землетрясения произошли в Венесуэле

В Венесуэле 24 июня произошли два сильных землетрясения магнитудой 7,2 и 7,5, вызвавшие разрушения в Каракасе и других районах страны. Власти объявили чрезвычайное положение. Официальные данные о погибших и......

24.06.2026 18:53
12k+

Когда стихия переписывает историю: 5 природных катастроф, изменивших мир

Природные катастрофы традиционно ассоциируются с масштабными разрушениями. Однако история показывает, что некоторые из них способны на большее — они могут менять вектор развития человечества....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Сейсмологи: Землетрясение 2011 года сдвинуло Японию на 6 мм на восток

Международная группа сейсмологов обнаружила ранее неизвестный науке эффект, вызванный Великим восточно-японским землетрясением 2011 года. Исследование американских и французских ученых, опубликованное в......