2020-nji ýylyň ýazynda Merkezi Aziýadan Kawkaza üstaşyr otly iberiler

  • 22.12.2019 22:52
  • 5.3k+

Daşkentde halkara multimodal ugry ösdürmek boýunça Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň demir ýol gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň köptaraply duşuşygy geçirildi. Bu barada Trend agentligi «Azerbaýjan demir ýollary» ÝGPJ salgylanyp habar berýär.
Maslahatyň dowamynda Geçelgäniň ösdürmek boýunça utgaşdyryjy geňeş hakynda Düzgünnamany döretmek we kabul etmek, ugur we ýük gatnatmagyň şertleri boýunça bitewi tarifleri işläp düzmek meseleleri maslahatlaşyldy.
Multimodal taslamanyň çäklerinde synag üstaşyr konteýner otlusynyň iberilmegi 2020-nji ýylyň birinji çärýegine meýilleşdirildi.
«Azerbaýjan demir ýollary» ÝGPJ-niň başlygy Jawid Gurbanow geçelgäniň möhümligi barada belläp, bu taslamanyň oňa gatnaşyjylara peýda getirjekdigi barada nygtady.
Çykyşlardan soňra taslama gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn beýannamalara gol çekildi.

düýn 23:00
1k+

Ýokary derejeli kosmos tupany asmany ýiti polýar şöhlelenmeleri bilen boýady

Ýeriň golaýynda XXI asyryň iň güýçli radiasiýa tupanlarynyň biri hasaba alyndy. Günüň ýokary energiýaly bölejikleri – proton akymlary örän seýrek S4 derejesine ýetdi – bu soňky 20 ýyldan gowrak wagt bäri hasaba alynmadyk rekord derejedir diýip, Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi...

düýn 14:13
10k+

5 metre çenli gar üýşmegi: Kamçatkada soňky 50 ýylda iň güýçli gar ýagdy

Russiýanyň Kamçatka ülkesiniň administratiw merkezinde, Petropawlowsk-Kamçatskiý şäherinde soňky bir ýarym aýda 50 ýyl bäri görülmedik adatdan daşary gar ýagdy diýip, sebit gidrometeorologiýa merkezine salgylanyp, «Kamçatka-Inform» habar berýär...

19.01.2026 15:18
7.7k+

20-nji ýanwarda Ýerde güýçli magnit tupanlarynyň bolmagyna garaşylýar

20-nji ýanwarda, sişenbe güni, Ýerde G3 we G4 derejeli magnit tupanlarynyň bolmagyna garaşylýar. Bu barada Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi...

16.01.2026 09:05
2.7k+

2025-nji ýyl gözegçiligiň taryhynda iň yssy ýyllaryň üçlügine girdi

2025-nji ýyl XIX asyryň ortalarynda yzygiderli gözegçilik başlany bäri iň yssy ýyllaryň sanawynda üçünji boldy. Bu barada ÝB-niň «Copernicus» klimat agentliginiň we Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň maglumatlaryna salgylanyp, The Guardian habar berýär...