Şu gün, 21-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherine iş sapary bilen bardy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinden uçan Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheriniň howa menziline gondy.
RF-niň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça bu resmi däl duşuşyga Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşýar.
Her ýyl Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirmek däbe öwrülen bu duşuşyk 2017-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär we 2018-nji ýyldan bäri ol Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýär.
Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýylda Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk eder.