Türkmenistan hyzmatdaşlygy ösdürmekde horwat tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýar – Serdar Berdimuhamedow

  • сегодня 07:55
  • 1.1k+

7-nji oktýabr Prezident Serdar Berdimuhamedow Horwatiýanyň daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-Radmany kabul etdi.

Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ýewropa sebitiniň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny, Türkmenistan bilen Horwatiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hem dostluk, deňhukuklylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýandygyny aýtdy. Nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar işjeň häsiýete eýedir.
Döwlet Baştutany Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministriniň ýurdumyza saparynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-horwat hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini, onda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, energetika, ulag pudaklarynda, beýleki ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň hem-de geljekki ösüş mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy. Şeýle-de saparyň çäklerinde iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik maslahaty geçiriler.
Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow bu çäräniň telekeçileriň arasynda göni aragatnaşygy ýola goýmaga, bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik döretjekdigini belläp, onuň üstünlikli we netijeli geçirilmegini arzuw etdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, söwda we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, ýurdumyzyň bu babatda horwat tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.


сегодня 08:58
1.7k+

Türkmenistan Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjidiň gurluşygyna başlady

7-nji oktýabrda Gabala şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň XII sammitiniň yzysüre wekiliýet Baştutanlarynyň ählisi bilelikde teleköpri arkaly Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde guruljak metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylar...

сегодня 08:38
1.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanda Gabala sammitinde çykyş etdi

7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana iş saparyny amala aşyryp, Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşdy. Sammitiň geçýän ýeri bolan Geýdar Aliýew kongres merkezinde türkmen halkynyň Milli Liderini Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew garşylady...

сегодня 08:12
1.3k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana iş saparynyň çäklerinde Ilham Aliýew bilen duşuşdy

7-nji oktýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjana iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy...

сегодня 08:00
2k+

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

7-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Serdar Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk, Russiýanyň halkynyň bähbidine alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi...