Türkmenistan Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjidiň gurluşygyna başlady

  • сегодня 08:58
  • 2.2k+

7-nji oktýabrda Gabala şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň XII sammitiniň yzysüre wekiliýet Baştutanlarynyň ählisi bilelikde teleköpri arkaly Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde guruljak metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylar.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew dabarany açyk diýip yglan edip, Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde metjidiň gurulýandygy üçin hoşallyk sözleri bilen çykyş etdi. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow söz sözläp, Fizuli şäherinde guruljak metjidiň türkmen-azerbaýjan dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyny belledi. Dabara metjidiň düýbüniň tutuljak ýerinden göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşan Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň müftüleri Gurhandan aýat-doga okap, ýagşy dilegleri etdiler.

Soňra Türki Döwletleriň Guramasyna girýän ýurtlaryň wekiliýet Baştutanlarynyň ählisiniň bir wagtda ekrana basmaklary arkaly metjidiň gurluşygyna badalga berildi. Dabara metjit barada taýýarlanan ýörite wideorolige tomaşa etmek bilen tamamlandy.

Fizuli şäherinde düýbi tutulan metjit Türkmenistanyň doganlyk azerbaýjan halkyna ynsanperwer sowgadydyr. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna guruljak bu metjidiň gurluşygyny «Aga-gurluşyk» hususy kärhanasy ýerine ýetirer.


сегодня 08:38
1.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanda Gabala sammitinde çykyş etdi

7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana iş saparyny amala aşyryp, Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşdy. Sammitiň geçýän ýeri bolan Geýdar Aliýew kongres merkezinde türkmen halkynyň Milli Liderini Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew garşylady...

сегодня 08:12
1.6k+

В Габале состоялась встреча Гурбангулы Бердымухамедова с Ильхамом Алиевым

7 октября в азербайджанском городе Габала прошла встреча председателя Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедова с президентом Азербайджана Ильхамом Алиевым. Встреча прошла в рамках XII саммита Совета глав государств Организации тюркских государств (ОТГ)...

сегодня 08:00
2.7k+

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

7-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Serdar Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk, Russiýanyň halkynyň bähbidine alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi...

сегодня 07:55
1.4k+

Türkmenistan hyzmatdaşlygy ösdürmekde horwat tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýar – Serdar Berdimuhamedow

7-nji oktýabr Prezident Serdar Berdimuhamedow Horwatiýanyň daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-Radmany kabul etdi. Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ýewropa sebitiniň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny, Türkmenistan bilen Horwatiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hem dostluk, deňhukuklylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýandygyny aýtdy...