27-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň ynsanperwer başlangyçlaryny mundan beýläk-de iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan taýýarlanylan birnäçe teklipleri beýan etdi.
Hususan-da, adatdan daşary ýagdaýlarda halkara guramalar bilen utgaşykly hereket etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin, şu ýylyň 28-nji iýunynda Daşary işler ministrliginde Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekilhanasy we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy bilen bilelikde “tegelek stol” maslahatyny geçirmek teklip edilýär.
Şunuň bilen bir hatarda, halkara ynsanperwerlik işi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, şu ýylyň 29-njy iýunynda Daşary işler ministrliginde ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Brifing görnüşinde duşuşyk geçirmek baradaky teklip beýan edildi.
Şeýle hem BMG-niň, Halkara Gyzyl Haç komitetiniň, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasynyň wekilleri bilen ynsanperwerlik işi has-da ösdürmek üçin üç ýyllyk iş meýilnamalary düzmek we olary tassyklamak teklip edilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary saklamaga we ösdürmäge, zerur bolan ýagdaýynda ynsanperwer kömegini bermäge möhüm ähmiýet berýändigini belledi.
Döwlet Baştutany beýan edilen teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine ýurdumyz bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary berkitmegi we giňeltmegi dowam etmegi tabşyrdy.