Türkmenistanyň döreden ynsanperwer geçelgesi arkaly 4640 adam öz ýurduna dolandy

  • сегодня 01:15
  • 1k+

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň halkara ynsanperwer işi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, goňşy sebitlerde bolup geçýän syýasy-strategik ýagdaýlary nazara almak bilen, döwletimiz tarapyndan möhüm ynsanperwer çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan, Ýakyn Gündogar sebiti bilen araçäkleşýän ýeke-täk Merkezi Aziýa döwleti hökmünde, bu goňşy sebitde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli ynsanperwer işleri amala aşyrýar. 
Şu maksatlar bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklaryndan ugur alnyp, ugurdaş düzümler tarapyndan zerur bolan toplumlaýyn işler, şol sanda daşary ýurtlaryň howa gämilerini Aşgabadyň Halkara  howa menziline gondurmak hem-de olara hyzmat etmek, türkmen-eýran serhedindäki ähli gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň gije-gündizleýin işlemegini üpjün etmek boýunça degişli işler geçirildi. Şeýlelikde, Türkmenistan daşary ýurtlaryň müňlerçe raýatlarynyň ýurdumyzyň üsti bilen öz döwletlerine gitmekleri üçin ynsanperwer geçelgäni döretdi.
Häzirki wagta çenli şol geçelgeden 4640 adam geçdi. Olaryň arasynda Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Ýewropanyň, Afrikanyň we Amerika kontinentiniň 50-den gowrak ýurdunyň raýatlary bar.
Şunuň bilen baglylykda, bu ynsanperwer işleri ulgamlaýyn esasda amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň dürli döwletler we halkara guramalar bilen  utgaşykly işländigi bellenildi. Bu babatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda, daşary ýurtlaryň ilçileri we diplomatik gulluklarynyň ýolbaşçylary hem-de halkara guramalaryň wekilleri bilen yzygiderli duşuşyklar we gepleşikler geçirildi.
Häzirki günde Türkmenistan 54 sany halkara guramalary we ynsanperwer häsiýetli maksatnamalara, şol sanda halkara ynsanperwer hukugy boýunça köptaraplaýyn resminamalara gatnaşyjy döwlet bolup durýar. Bu resminamalaryň esasynda alnyp barylýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çäklerinde 1994-nji ýyldan bäri ýurdumyzda BMG bilen bilelikde dürli ugurlar, esasan hem durmuş meseleleri boýunça 333 sany milli hem-de sebit taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirildi.


сегодня 02:57
260

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdy

27-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyngurluşyk kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýy kabul etdi...

сегодня 02:51
292

Serdar Berdimuhamedow «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

27-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanadany kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär. Işewür Arkadag şäheriniň uly ösüşlere eýe bolýandygyny belläp, döwlet Baştutanyny şäheriň iki ýyllygy mynasybetli gutlady...

сегодня 01:54
657

Türkmenistanda awiasiýa işgärlerini taýýarlaýan mekdepde ICAO tarapyndan tapgyrlaýyn okuwlar ýola goýlar

Türkmenistanda Raýat awiasiýa pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Bu ugurda görülýän çäreler barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M...

сегодня 01:42
550

Serdar Berdimuhamedow dünýä döwletleri bilen ynsanperwer gatnaşyklary berkitmegi dowam etmegi tabşyrdy

27-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň ynsanperwer başlangyçlaryny mundan beýläk-de iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan taýýarlanylan birnäçe teklipleri beýan etdi...