Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 10-njy mejlisine taýýarlyk görülýär

  • сегодня 01:26
  • 639

Prezident Serdar Berdimuhamedow ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 10-njy mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutany bu Toparyň türkmen böleginiň düzümi boýunça taýýarlanan teklibi goldady diýip, “Watan” habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Amanow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 10-njy mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu toparyň nobatdaky mejlisinde iki ýurduň arasyndaky  gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we gerimini  has-da giňeltmek maksady bilen, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, maliýe-ykdysady, ylym-bilim, ýokary tehnologiýalar, sport, medeniýet, saglygy goraýyş, ulag-aragatnaşyk, maglumat ulgamy, sebitara hyzmatdaşlyk, şertnamalaýyn-hukuk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.


сегодня 06:36
1.2k+

Türkmenistanda harby gullukdan boşatmak we nobatdaky çagyrylyş yglan edildi

Prezident Serdar Berdimuhamedow “Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň...

сегодня 06:25
335

Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki topary dörediler

14-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy...

сегодня 06:19
324

Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatynda halkara hyzmatdaşlygyny berkidýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy esasynda “Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatynda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça Maksatnamanyň” taslamasy hem...

сегодня 06:08
1.2k+

Serdar Berdimuhamedow ýaşlary Rumyniýa okuwa ibermek baradaky teklibi makullady

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa 2025-2026-njy okuw ýylynda Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek meselesi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise...