Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

  • вчера 23:32
  • 1.8k+

3-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Mejlisiň barşynda welaýatlaryň häkimleri we wise-premýer ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek maksady bilen, taýýarlyk we ýuwuş suwuny tutmak işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy, pagta öndürijileri ekiş möwsümine çenli ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg etmek we ösüş suwlaryny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutany ýazlyk ýeralmanyň hem-de gök-bakja ekinleriniň ekişiniň depginini güýçlendirmek,  welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini gazanmak, Halkara zenanlar güni – 8-nji mart baýramy mynasybetli welaýatlarda meýilleşdirilen çärelere gowy taýýarlyk görmek babatda degişli tabşyryklary berdi.   


вчера 23:22
985

Gurbanguly Berdimuhamedow Kataryň Emirini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna çagyrdy

3-nji mart Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy  Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al-Tani bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. “Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi...

вчера 15:22
1.3k+

11 сделок заключено на прошлой неделе на бирже Туркменистана

На минувшей неделе на торгах Государственной товарно-сырьевой биржи Туркменистана зарегистрировано 11 сделок. За иностранную валюту представители деловых кругов из Турции и Афганистана закупили сжиженный газ и...

вчера 06:52
1.3k+

Президент Туркменистана поздравил Болгарию с Днём освобождения

Президент Сердар Бердымухамедов направил сердечные поздравления и наилучшие пожелания Президенту Республики Болгария Румену Радеву в связи с национальным праздником страны – Днём освобождения. Пользуясь возможностью...

02.03.2025 08:00
1.8k+

Рашид Мередов встретился с замминистра иностранных дел Ирана

28 февраля министр иностранных дел Туркменистана Рашид Мередов встретился с заместителем министра иностранных дел Исламской Республики Иран по консульским, парламентским вопросам и делам иранцев, проживающих за...