Parahat -7 ýaşaýyş toplumynda 13 sany ýaşaýyş jaýlary we seýilgäh açylar

  • сегодня 08:35
  • 3.8k+
Parahat -7 ýaşaýyş toplumynda 13 sany ýaşaýyş jaýlary we seýilgäh açylar

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 4 sany her biri 54 öýli, 9 gatly, 9 sany her biri 36 öýli, 9 gatly ýaşaýyş jaýlary we seýilgäh açylar. Bu barada wise-premýer B.Annamämmedow Hökümet mejlisinde aýtdy diýip, “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň baş baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabady bagy-bossanlyga büremek, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin has amatly şertleri döretmek, baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça zerur çäreleriň görülýändigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, medeni-durmuş maksatly binalary abatlamak, ýanaşyk ýerleri, seýilgähleri, baglary, suw çüwdürimlerini abadanlaşdyrmak, bezeg güllerini ekmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Şäheriň baýramçylyk bezegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülýär.


сегодня 11:56
1k+

Raşid Meredow sanly ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça teklipleri hödürledi

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň sanly ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýerine ýetirilýän işler bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedowyň...

сегодня 08:42
2.8k+

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi Garagum myhmanhanasynda guralar

19-njy sentýabrda Aşgabadyň Garagum myhmanhanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi guralar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer...

вчера 22:25
2.4k+

Туркменистан примет заседание Совета СНГ по семеноводству и научную конференцию

На 16 сентября текущего года запланировано заседание Межправительственного координационного совета по вопросам семеноводства Содружества Независимых Государств, а 19–20 сентября – международная научная конференция...

вчера 16:18
5k+

По итогам Инвестфорума TIF-2024 подписано 18 международных соглашений

В Ашхабаде подвели итоги Инвестиционного форума Туркменистана (TIF-2024). На полях мероприятия было подписано 18 международных соглашений и меморандумов о взаимопонимании между туркменскими государственными и частными...