Adygeýada rekord 189 metr uzynlykdaky örme peýnir taýýarlandy

  • 11.09.2024 11:53
  • 10k+

Adygeýada (RF) adygeý peýniriniň XIII festiwalynda Russiýada iň uzyn örme peýnir taýýarlandy. Onuň uzynlygy 189 metre ýetýär diýip, «Ъ-Kuban» ýazýar.

Agramy 200 kilograma barabar bolan önüm Giaginskiniň süýt zawodynda 2,5 tonna süýtden taýýarlandy. Örme syry zawodyň on işgäri bir gije-gündiziň dowamynda iki çalşykda gezekleşip ördüler.
Bu rekord zawodyň 75 ýyllygy mynasybetli goýuldy.
Adygeý peýniriniň festiwaly Adygeýada her ýyl geçirilýär we köp sanly jahankeşdeleri hem-de peýnir muşdaklaryny özüne çekýär.


27.05.2025 20:07
5.5k+

Nepally alpinist Kami Rita Şerpa Ewereste rekord 31-nji gezek çykdy

Nepally alpinist Kami Rita Şerpa 31-nji gezek Ewereste çykyp, öz dünýä rekordyny täzeledi. Bu barada The Kathmandu Post habar berýär. Daga çykmagy gurnan Seven Summit Treks kompaniýasynyň başlygy Mingma Şerpanyň habar bermegine görä, 55 ýaşly alpinist sişenbe güni durnukly howa şertlerinde dünýäniň iň beýik depesine ýetdi...

26.05.2025 22:39
3.1k+

Realme GT 7 telefondaky iň uzak kinoseans üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

«Realme GT 7» smartfony Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ol mobil enjamda iň uzak wagt film görkezmek boýunça rekord goýdy – 24 sagat. Bu üstünlik Ginnesiň resmi wekili tarapyndan hasaba alyndy. «Realme» bu rekordyň 7000 mA·sag sygymly batareýanyň we 120Wt güýçli tiz zarýad berşiň mümkinçiligi bilen gazanylandygyny aýtdy...

23.05.2025 19:11
15k+

Diňe ýeke ýaşaýjysy bolan şäherçe Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol hem häkim, hem kitaphanaçy...

Amerikanyň Nebraska ştatynyň Monowi şäherçesinde ýeke adam - 90 ýaşly Elsi Eýler ýaşaýar. Ol şol ýeriniň häkimi, edara gullukçysy, gaznaçysy, kitaphanaçysy we ýerli garbanyşhananyň eýesi. Monowi iň az ýaşaýjyly ilatly ýer hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi...

22.05.2025 12:52
5.5k+

You-Tube kanaly “pi” sanyny hasaplamak boýunça rekord goýdy – 300 trln sifr

Linus Tech Tips You-Tube kanaly “pi” sanyny hasaplamak boýunça dünýä rekordyny goýdy, oturdan soň 300000000000000 (300 trln) sifr kesgitlendi. Taslama 2024-nji ýylyň tomsunda başlandy. Topar Kioxia ýapon kompaniýasy bilen bilelikde superkompýuter ýygnady...