“Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

  • сегодня 04:17
  • 1.1k+
“Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

7-nji sentýabrda “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi, onuň netijeleri boýunça ýeňijileri diýlip yglan edildi. Her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy.

Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda, her welaýatdan, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hersinden iň mynasyp iki aýdymçy döwlet tapgyryna gatnaşmak üçin saýlanyp alyndy. Netijede, ýaş aýdymçylaryň 14-si “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda çykyş etdiler. Olar nusgawy we häzirki zaman şahyrlarymyzyň goşgularyna döredilen, şeýle hem halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti Karary bilen, ýurdumyzyň şu raýatlary “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi:

  • Aşgabat şäher häkimliginiň “Aşgabat” döredijilik toparynyň 2-nji derejeli artisti Garýagdy Baýrammuhammedowiç Geldiýew;
  • Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň horeografiýa sungaty bölüminiň 1-nji ýyl talyby Döwletgeldi Annanepesowiç Atajanow;
  • Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýol gurluşygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Aýnur Täçmyradowna Gurbanmyradowa;
  • Balkan welaýat Medeniýet merkeziniň aýdymçysy Guwanç Hydyrowiç Toýçyýew;
  • Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň Akdepe etrap medeniýet merkeziniň tans artisti Orazguly Ýusup ogly Jollyýew;
  • Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Serdar Salamowiç Jumaýew;
  • Mary welaýat Medeniýet müdirliginiň Sakarçäge etrap medeniýet merkeziniň tansçysy Ýakup Akmuhammedowiç Orazgylyjow.

07.09.2024 08:07
3.4k+

В Анау подвели итоги конкурса «Garaşsyzlygyň merjen däneleri»

В городе Анау Ахалского велаята завершился ежегодный конкурс «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» («Жемчужины независимости»), который проводится среди юных талантов со всей страны. Организаторами творческого состязания...

05.09.2024 15:00
3.3k+

Туркменистан делится опытом адаптации к изменению климата на форуме ЦАРЭС

Туркменская делегация приняла участие в восьмом Форуме по развитию аналитических центров ЦАРЭС, посвященном климатическим вызовам, сообщает «Туркменистан6 Золотой век». Мероприятие собрало более 120 участников...

05.09.2024 13:21
3.7k+

Спектакль и цирк: Афиша на предстоящие выходные

Цирки столицы и города Аркадаг приглашают зрителей на свои представления с участием акробатов, гимнастов, жонглеров, клоунов, дрессированных животных и наездников знаменитой группы национальных конных игр «Галкыныш»...

03.09.2024 14:54
6k+

Афиша кинонедели в Ашхабаде

С 3 по 9 сентября любителей кино в Ашхабаде ожидает интересная неделя. В столичных кинотеатрах будут представлены новые фильмы различных жанров. Независимо от предпочтений в жанре, зрители смогут выбрать фильм...