Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • сегодня 03:45
  • 1.2k+
Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

2-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.

Ahmet Çalyk Türkmenistanda dürli maksatly we uly ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda giň mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin kompaniýanyň ähli işgärleriniň adyndan çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Ol açylyp ulanmaga berlen Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň binasynyň gurluşygynyň “Çalyk Holding” kompaniýasyna ynanylmagynyň özi üçin uly mertebedigini belläp, mundan beýläk-de öňde goýlan wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirmekde depginli işleri alyp barjakdygyna ynandyrdy.
Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bilelikde amala aşyrylýan taslamalarda hemişe ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri ileri tutýandygyny, innowasion tehnologiýalary, ykdysady taýdan netijeli çözgütleri giňden goldaýandygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri “Çalyk Holding” kompaniýasynyň mundan beýläk-de täze tehnologiýalary we ýokary öndürijilikli enjamlary işe ornaşdyrjakdygyna, Türkmenistanda döwlet, sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmakda netijeli işleri durmuşa geçirjekdigine ynam bildirdi.
Işewür bildirilýän uly ynam üçin hoşallygyny beýan edip, türkiýeli hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdiklerine ynandyrdy.


сегодня 03:38
829

Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly iş maslahatyny geçirdi

2-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we...

сегодня 03:25
1k+

«Rönesans-yň» ýolbaşçysy Aşgabatda guruljak söwda merkeziň taslamasyny tanyşdyrdy

2-nji sentýabrda «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak kompaniýa ynanylan taslamalary durmuşa geçirmegiň barşy barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa...

сегодня 03:08
312

Общий объем сделок на ГТСБТ составил свыше 5,11 миллиона долларов

На минувшей неделе на торгах Государственной товарно-сырьевой биржи Туркменистана зарегистрировано 15 сделок. За иностранную валюту представители деловых кругов Объединённых Арабских Эмиратов, Узбекистана, Афганистана...

сегодня 02:42
483

Вышла в свет новая книга «Славный путь новой эпохи могущественного государства»

Издан первый том книги «Славный путь новой эпохи могущественного государства», подготовленный к печати Архивным фондом Президента Туркменистана Главного архивного управления при Кабинете Министров, сообщает TDH...