Ogulgerek Berdimuhamedowa Pekiniň muzeýlerine baryp gördi

  • 18.10.2023 19:10
  • 32k+

Pekin şäherinde geçirilýän «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýanynda bolýan maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa üçin ýörite medeni maksatnama taýýarlanyldy. Onuň çäginde şu gün Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy Pekiniň sungat muzeýine hem-de Hytaýyň zenanlar we çagalar milli muzeýine baryp gördi. Bu barada Türkmenistan gazetiniň elektron neşiri habar berdi.

Pekiniň sungat muzeýine gelende, Milli Liderimiziň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa HHR-iň Başlygynyň maşgalasy Pen Liýuan bilen surata düşdi. Soňra belent mertebeli myhmanlar muzeýiň «Dört deňziň joşuşy» zalynda, şeýle-de Hytaýyň milli teatr lybaslarynyň sergilenýän zalynda ýerleşdirilen eksponatlar bilen tanyşdylar. Bu ýerde wekiliýet Baştutanlarynyň maşgalalarynyň hanym Pen Liýuan bilen bilelikde Pekin opera çykyşlaryna tomaşa etmegi hem täsirli boldy.
Hytaýyň zenanlar we çagalar milli muzeýinde Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy muzeýiň ýolbaşçylary tarapyndan mähirli garşylanyldy. Bu ýerde onuň Ählihytaý zenanlar federasiýasynyň başlygy Şen Ýueýue bilen gysga wagtlyk çaý başyndaky söhbetdeşligi boldy. Soňra olar Türkmenistanyň haly we el işlerine bagyşlanan milli sergisiniň açylyş toý bagyny kesdiler.
Bu muzeýde iri halkara forumyň çäginde ýaýbaňlandyrylan türkmen milli sergisi «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyryldy. Ol ene-mamalarymyzdan miras galan gaýtalanmajak sungat hasaplanýan nepis türkmen halylarynyň dürli görnüşlerini, el işleriniň nusgalaryny özünde jemleýär. Milli Liderimiziň maşgalasy, Ählihytaý zenanlar federasiýasynyň başlygy we beýleki wekiller üç bölümden ybarat bolan sergi zallaryna aýlanyp gördüler.
Hanym Ogulgerek Berdimuhamedowa hytaý tarapynyň wekillerine olarda ýerleşdirilen gymmatlyklar barada gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, sergi ýüň halylar, ýüpek halylar, milli keşde we matalar bölümlerinden ybarat bolup, ýüň halylar Türkmenistanyň howa şertlerinde ýetişdirilýän saryja goýunlarynyň ýazlyk ýüňünden taýýarlanylýar. Ýüpek gurçugyndan alnan ýüpekden dokalýan ýüpek halylar, öz gezeginde, has inçeligi we berkligi bilen tapawutlanýar. Şunuň bilen baglylykda, myhmanlara Gadymy «Pazyryk» halysynyň ilkinji gezek ýüpekde dokalan täsin nusgasy hem görkezildi. Milli keşde we matalar bölüminde bolsa ýüpek keteniden taýýarlanylýan türkmen zenanlarynyň lybaslaryna, olara özboluşly öwüşgin çaýýan keşdelere orun berlipdir.


вчера 20:55
2.5k+

Тошиаки Эндо вручили юбилейную медаль Туркменистана

25 июня в здании парламента Японии в Токио бывшему председателю японо-туркменской парламентской Лиги дружбы Тошиаки Эндо вручили юбилейную медаль Туркменистана «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna»,......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Туркменистан и Казахстан определили новые направления экономического сотрудничества

24 июня в Астане состоялось очередное заседание Совместной межправительственной комиссии по экономическому, научно-техническому и культурному сотрудничеству между Туркменистаном и Казахстаном. По итогам......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Представители Меджлиса Туркменистана участвуют в семинаре в Пекине

Представители Меджлиса Туркменистана принимают участие в семинаре «Повышение роли законодательных органов и укрепление сотрудничества Китай – Центральная Азия», который проходит в Пекине с 22 по 28 июня. Об......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Мередов встретился с завершающим свою миссию послом Германии

24 июня министр иностранных дел Туркменистана Рашид Мередов провёл встречу с чрезвычайным и полномочным послом Федеративной Республики Германия в Туркменистане Берндом Хайнсом, завершающим свою дипломатическую......