Türkmenistan Türkiýe bilen söwda dolanyşygyny 5 milliard dollara ýetirmegi meýilleşdirýär

  • 05.04.2023 23:59
  • 12k+

5-nji aprel Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi.

Doganlyk ýurduň kompaniýalarynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň ösüşine we döwrebaplaşdyrylmagyna işjeň gatnaşmagynyň türkmen-türk gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini görkezýändigini belläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhüm görkezijilerine ünsi çekdi.
Bellenilişi ýaly, geçen ýylyň jemleri boýunça döwletara söwda dolanyşygynyň möçberleri ABŞ-nyň 3 milliard dollaryna golaýlady. Bu bolsa 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende görkezijileriň 6,5 göterim artandygyny görkezýär.
Şeýlelikde, Türkiýe 2022-nji ýylda Türkmenistanyň söwda dolanyşygynda ikinji orna çykdy. Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda bu görkeziji ABŞ-nyň 406,8 million dollaryna deň boldy. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 9,7 göterim artykdyr.
Bu barada aýtmak bilen, Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberlerini ýakyn wagtda ABŞ-nyň 5 milliard dollaryna ýetirmek üçin zerur mümkinçilikleriň dörediljekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhman ägirt uly  mümkinçilikleri bolan hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Onuň dowamynda özara haryt dolanyşygyny ösdürmegiň  ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine  yzygiderli üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu türkiýeli işewür toparlaryň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň we düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny tassyklady.

вчера 14:43
7.1k+

Китай купит 200 лайнеров Boeing вместо ожидаемых 500: Акции компании упали

Китай согласился приобрести 200 самолётов Boeing по итогам переговоров президента США Дональда Трампа с председателем КНР Си Цзиньпином. Об этом Трамп сообщил в эфире телеканала Fox News....

14.05.2026 19:01
1.5k+

В Ашхабаде обсудили стратегию развития цифровой торговли и электронной коммерции

11 и 12 мая в Ашхабаде прошли два семинара Международного торгового центра (МТЦ), посвященные регулированию цифровой торговли и электронной коммерции....

14.05.2026 18:54
5.1k+

Nvidia первой в истории достигла капитализации в $5,5 трлн

Компания Nvidia стала первой публичной компанией в истории, чья рыночная капитализация превысила $5,5 трлн....

13.05.2026 22:54
2.2k+

Мировые цены на медь стремительно растут из-за перебоев с поставками

​Стоимость меди на мировых рынках превысила отметку в $14 000 за тонну, вплотную приблизившись к историческому максимуму....