Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «2023-nji ýylda pile öndürmek hakyndaky» karara gol çekdi. Degişli resminama döwlet Baştutany 10-njy fewralda giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi hem-de welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan ýurdumyz boýunça jemi 2 müň 300 tonna pile öndürmek göz öňünde tutulýar.