Harby we hukuk goraýjy edaralaryň 4 aýdaky işiniň jemlerine garaldy

  • 06.05.2022 02:24
  • 24k+

5-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy hem-de olaryň işiniň ýakyn geljek üçin  ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary şu ýylyň geçen 4 aýynda gözegçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işler barada gezekli-gezegine hasabat berdiler. Döwlet Baştutany Ýaragly Güýçlerden, harby gullukdan boşatmak hem-de raýatlary nobatdaky harby gulluga çagyrmak işlerine ünsi çekip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, goranmak ministrine bu meseläni berk gözegçilikde saklamagy, onuň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle-de içeri işler ministrine ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegine berk gözegçilik etmek, Gadyr gijesi mynasybetli azatlyga çykarylan raýatlary iş bilen üpjün etmäge ýardam bermek tabşyryldy. Mundan başga-da, döwlet Baştutany öňümizde tomus möwsüminiň bardygyny aýtdy. Bu möwsümde ot-çöpleriň guramagy hem-de howanyň gyzmagy bilen, daşky gurşawda döräp biläýjek ýangyn howpunyň öňüni almak boýunça alnyp baryljak işlere häzirden başlap doly taýýarlyk görmek zerurdyr.


11.05.2026 22:55
972

Сумма валютных сделок на торгах ГТСБТ превысила $11 млн

На минувшей неделе на торгах Государственной товарно-сырьевой биржи Туркменистана (ГТСБТ) было зарегистрировано 17 сделок, сообщает TDH....

06.05.2026 20:34
10k+

Представители Zaha Hadid Architects примут участие на форуме «Белый город Ашхабад 2026»

Представители архитектурного бюро Zaha Hadid Architects, как ожидается, примут участие в 25-й Международной выставке и конференции «Белый город Ашхабад 2026», которая пройдёт 24–25 мая в столице Туркменистана.......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Посол Туркменистана провёл переговоры с главой Союза палат и бирж Турции

1 мая посол Туркменистана в Турции Мекан Ишангулыев провёл встречу с председателем Союза палат и бирж Турецкой Республики Рифатом Хисарджыклыоглу. Стороны обсудили перспективы расширения торгово-экономического......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Туркменистан примет участие в крупных мероприятиях в Казани, Лондоне и Баку

В мае представители Туркменистана примут участие в ряде крупных международных мероприятий. Об этом в пятницу на заседании Правительства по цифровой системе отчитался вице-премьер, министр иностранных дел Рашид......