Россия поставит в Туркменистан защитные костюмы

  • 12.07.2020 22:29
  • 28k+

Russiýa Federasiýasy Türkmenistana lukmançylyk gorag kostýumlaryny ugradar. Bu babatda iki ýurduň arasynda ylalaşyga gelnendigini Russiýa Federasiýasynyň Senagat we Söwda ministri Denis Manturow habar beriş serişdelerine mälim etdi diýip, ORIENT habar berýär.

Onuň sözlerine görä, Russiýada koronawirusyň ýaýramagynyň azalmagy bilen baglylykda, käbir lukmançylyk enjamlaryna, esasanam gorag maskalaryna bolan isleg azaldy. Munuň özi önümçiliginiň möçberini ep-esli artdyran ýerli kärhanalary kyn ýagdaýda goýýar. D. Manturow, goldaw çäresi hökmünde agentligiň federal ätiýaçlyk gory üçin 300 milliona çenli maska satyn almak, şeýle hem lukmançylyk enjamlarynyň eksportyny ösdürmek isleýändigini aýtdy. Ministriň sözlerine görä, gorag kostýumlaryny – Türkmenistana, antiseptikleri we dezinfeksiýa serişdelerini – Pars aýlagy ýurtlaryna, temperaturany ölçeýji terminallary – ABŞ-a bermek barada ylalaşyk gazanyldy. Şeýle-de ol, gepleşikleriň Bolgariýa, Serbiýa we Pakistan bilen hem alnyp barylýandygyny belledi. Mundan başga-da, Denis Manturow Russiýanyň eýýäm 600-den gowrak mehaniki howa çalşygy enjamynyň daşary ýurtlara: Özbegistana, Serbiýa, Italiýa we Belarusa eltip berlendigini aýtdy.
Birnäçe gün ozal Türkmenistanyň Prezidenti Berdimuhamedow Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Baş dermanhana müdirliginiň Russiýa Federasiýasyndan wirusa garşy dermanlary satyn almak barada Kararyna gol çekipdi. Türkmenistanda koronawirusyň ýüze çykarylandygy barada resmi habar ýok, ýöne häkimiýetler mümkin bolan ähli çäreleri görýärler. Munuň üçin ýurtda islendik ýagdaýa taýýarlykly bolmak maksady bilen, derman serişdeleriniň we lukmançylyk gorag enjamlarynyň gory döredilýär.

15.06.2026 12:32
5.4k+

Правила здоровья в летнюю жару: рекомендации туркменских медиков

Летний сезон требует особого внимания к здоровью. Центр медицинской информации Министерства здравоохранения и медицинской промышленности Туркменистана выпустил свод правил для безопасного проведения лета....

09.06.2026 23:14
7.5k+

Популярные среди знаменитостей балетки могут привести к проблемам со стопами

Врачи предупредили о возможных проблемах со здоровьем, связанных с длительным ношением балеток. По словам специалистов, такая обувь может стать причиной хронических болей и деформации стопы....

08.06.2026 07:29
3.3k+

ВОЗ направит $518 млн на борьбу со вспышкой Эболы в Африке

Всемирная организация здравоохранения (ВОЗ) и Африканские центры по контролю и профилактике заболеваний представили шестимесячный план стоимостью 518 миллионов долларов для борьбы со вспышкой лихорадки Эбола в......

05.06.2026 17:46
2.8k+

В Великобритании испытали вакцину, уничтожающую раковые опухоли

В Великобритании завершилось клиническое исследование препарата «Амивантамаб», в ходе которого у части пациентов с тяжёлыми формами рака головы и шеи опухоли значительно уменьшились или исчезли полностью....