2019-njy ýylyň iň gowy awtomobilleri belli edildi

  • 19.04.2019 12:31
  • 6.3k+

Nýu-Ýorkda «World Car of the Year 2019» bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdiler, diýlip Ria Nowosti agentligi habar berýär.

«Jaguar I-Pace» awtomobili birbada 3 baýraga mynasyp boldy — «Ýylyň awtomobili», «Ýylyň dizaýny» we «Ekologiýa taýdan zyýansyz awtomobil».

Şäher üçin iň gowy awtomobil hökmünde «Suzukii Jimny» bellenildi. Ýylyň lýuks (kaşaň) awtomobili «Audi A7», ýylyň giperkary bolsa - «McLaren 72OS» boldy.

World Car Awards — bu awtomobil gurluşyk ulgamynda halkara baýrak bolup, dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan halkara professional awtomobil žurnalistleri topary tarapyndan gowşurylýan baýrak. Ýylyň ýütindünýä awtomobili adyna eýe bolmak üçin bäsleşige gatnaşýan maşynlar bäsleşigiň geçirilýän ýylynyň 1-nji ýanwaryna çenli ýagdaýda azyndan bäş döwletde we iki kontinentde satylýan bolmaly.

düýn 15:27
6.8k+

Hindistanda öndürilen wnedorožnik 406 tonnalyk otlyny ýerinden gozgady

JSW MG Motor India kompaniýasy özüniň MG Majestor wnedorožniginiň 406 tonnadan gowrak agramy bolan demir ýol düzümini ýerinden gozgap, dünýä rekordyny goýandygyny yglan etdi....

düýn 11:10
2.9k+

Ikölçegli illýuziýa: Renault el bilen çekilen ýaly görünýän awtoulagy çykardy

Renault kompaniýasy amerikan suratkeşi Joşua Waýdes bilen hyzmatdaşlykda Twingo E-Tech Electric elektrik ulagynyň üýtgeşik görnüşini görkezdi. Grafik eskiz stilinde dizaýn edilen awtoulag brendiň täze sungat......

düýn 07:14
1.8k+

Ford awtoulagy meteostansiýa öwürýän tehnologiýany patentledi

Ford kompaniýasy brendiň geljekki modellerine howany takyk çaklamaga mümkinçilik berjek howa şertlerini kesgitleýji innowasion ulgam üçin patent aldy. 2023-nji ýylyň noýabr aýynda berlen patent resmi taýdan......

16.04.2026 19:09
12k+

BYD zawodynda dörän ýangyn zerarly elektromobiller ýandy

Hyytaýyň Şençžen şäherindäki BYD kompaniýasynyň zawodyna degişli köp gatly awtoduralgada güýçli ýangyn boldy. Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, waka sişenbe güni irden ýüze çykdy....